Muzeý gymmatlyklarymyz Çyn-Maçynda

14 Sentýabr 2023
586

Şu ýylyň 6 — 8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde «Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO geçirildi. Onda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryndan, taryhy we häzirki zaman fotosuratlardan, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatyna degişli eserlerinden sergi guraldy.

Dunhuan şäheriniň halkara sergi merkezinde serginiň açylyş dabarasyna iki müňden gowrak hytaýly we beýleki ýurtlardan myhmanlar gatnaşdylar. Türkmenistan üçin ýörite taýýarlanylan pawilýonda türkmenleriň gadymy döwürlere degişli keteni matalary, olardan tikilen we elde bejerilen kürtelerdir çyrpylar, köýnekler, ýüpek hem-de ýüň halylar we haly önümleri, milli saz gurallary görkezildi. Türkmen gelin-gyzlarynyň milli şaý-seplerini myhmanlar haýran galmak bilen synladylar. Serginiň bir bölüminde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleriniň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy şäherleriniň fotosuratlary hem-de ol ýerlerde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň nusgalary görkezildi. Serginiň başga bir bölümi häzirki zaman Türkmenistana, şol sanda paýtagtymyzyň gözelliklerine, binalaryna bagyşlandy. Ullakan ekranda aýdym-sazymyz, milli däp-dessurlarymyz, toý-baýramlarymyz bilen tanyşdyrýan wideoşekiller we fotosuratlar görkezildi.

Oraznabat SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy-usulyýet bölüminiň müdiri.