Gül Watanyň goýnunda

13 Sentýabr 2023
321

Golaýda Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerindäki «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli çagalaryň birnäçesi gatnaşdy. Ildeşimiz, Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Umytjan Begendikow hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Körpe aýdymçy öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär:

— Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalarynyň netijesinde güneşli Diýarymyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Çagalaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýylyň-ýylyna ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň bosagasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly şadyýan bäsleşigiň geçirilmegi baş baýramymyza özboluşly sowgat boldy. Bäsleşige ähli welaýatlardan, paýtagtymyzdan ýaş sungat muşdaklary uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar Watan mukaddesligini, ösüş-özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlar, tanslar, gyzykly degişme sahnalary bilen çykyş etdiler. Men hem bu bäsleşikde Agamyrat Soltanowyň sözlerine, Akmyrat Täçowyň sazyna düzülen «Arkadagly Serdarymyz, Watanymyz» atly aýdym bilen çykyş edip, üstünlik gazanmagy başardym.