Jahana ýaň saldy türkmen dutary

13 Sentýabr 2023
362

12-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän döredijilik gözden geçirilişi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde mähriban halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň 5-si zenan bagşy-sazandalardyr. Türkmen halkynyň durmuşyny, ruhy medeniýetini dutar-gyjaksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şunda bu möhüm bäsleşik ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň halkymyzyň baý ruhy mirasyna aralaşmaklaryna möhüm şertleri döredýär.

«Aşgabat».