Köňülleriň owazy – kalplaryň melhemi

13 Sentýabr 2023
572

Dutar halkymyzda diňe bir medeni miras däl, ol her bir ynsanyň kalbynyň owazy, ruhy güýç berýän jadyly senet. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda: «Söz – köňlüň aýnasy, saz göwün syrdaşy. Ynsanyň saz we söze söýgüsi – onuň ruhubelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadyryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir» diýip belleýär. Aýdym-saza teşne şahandaz halkymyz ýagşylyk eýeleridir.

Türkmen dutary, türkmen sazy gudrat! Ine, muňa 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda  geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýene-de bir ýola göz ýetirdik. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň miwesi bolup, türkmen halkynyň milliligine dünýäde uly sarpa goýulýandygyny aňladýar.

«Zenan kalby».