Alaja — milliligiň nusgasy

13 Sentýabr 2023
286

Taryhyň gatlaryndan häzirki günlerimize gelip ýeten gadymy däplerimiziň biri hem maşgalada çaga terbiýe bermek meselesi bolup, bu asylly däp ene hüwdüsinden başlanýar. Ýaş nesilleri halkymyzyň baý milli mirasyna, medeniýetine we sungatyna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýokary baha berilýän medeni mirasymyz, halkyň döreden ruhy, maddy gymmatlyklary muňa şaýatlyk edýär. Ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip, kämilleşip, nesilden-nesle aşyp, şu günlerimize gelen nepis halylar, keçeler, keşdeler, dürli nagyşly joraplar, alajalar, el işleri biziň nusgalyk mirasymyzdyr.

Alaja — ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň biri. Ol halkymyzyň durmuşyna giňden aralaşypdyr. Halkymyz göz degmekden, göze görner-görünmez bela-beterlerden, ýaman nazarlardan goranmakda alajanyň ähmiýetiniň uludygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin türkmen zenanynyň döreden alajasy syrly sungat hem hasaplanýar. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp alaja sungaty gadymdan bäri türkmen milli el işlerine gözellik bolup, özboluşly çeper hünär derejesinde häli-häzire çenli kämilleşip dowam edýär.

Annagözel NAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.