Köňülleri birleşdirýän owazlar

13 Sentýabr 2023
516

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp kitabynda halkymyzyň meşhur bagşy-sazandalary barada gürrüň berilýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, ýagny düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry şol halypa bagşy-sazandalaryň sungatyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirýän ýaş zehinleriň, pederlerimiziň ylham akabasyndan güýç alýan kämil nesilleriň kemala gelýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Şunda şu ýyl ikinji gezek geçirilen bu bäsleşigiň hem täze zehinleri ýüze çykarmakda, olary sungat ýolunda has-da kämilleşmeklige, nobatdaky döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtamak gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän joşgunly halk aýdym-sazlary toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Türkmen halkynyň durmuşyny, ruhy medeniýetini dutar-gyjaksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň mysaly bolup, watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň oňa bolan hormat-sarpasyny we söýgüsini has-da artdyrdy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Maksat GYLYJOW.