"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Wepasy hikmetdir, mertligi nusga»

19-njy oktýabrda şeýle at bilen ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynda sergi açyldy. Adyndan belli bolşy ýaly, bu sergi Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat eden kitaplaryny hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň görnükli alymlarynyň halkymyzyň şan-şöhratly geçmiş-taryhyna, şol sanda türkmen alabaýyna bagyşlan ylmy makalalaryny özünde jemleýär.

Arkadag şäheri: «Arkadagyň säheri»

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy. Ajaýyp agşamy sungatyň ruhy bilen bezän bu dabara Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçdi. Oňa Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de halk köpçüligi gatnaşdylar. Ýurdumyzyň, şeýle-de «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de oňa myhman hökmünde gatnaşýan ýurtlaryň kino sungatynda meşhurlyk gazanan wekilleriň gelmegi bilen kinofestiwal öz hakyky manysyna eýe boldy. Özleri üçin ýörite taýýarlanan gyzyl ýodadan ýöräp geçen kino ýyldyzlary teleradioýaýlymlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Sungat halklary ýakynlaşdyrýar

14 — 15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Kinofestiwalyň birinji gününde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Şöhratly zamananyň ýaňy

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahaty geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary, Aşgabat şäheriniň 32-nji «Mähribanlarym» çagalar bagynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň syýasy taglymatlary, Halk Maslahatynyň döwletimizi ösdürmekdäki ähmiýeti, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçilikleri, bitirilýän beýik işler barada gürrüň edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly, döredijilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Çeper elli zenanlar

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Bagtgül toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda kärhanalarda zähmet çekip, tikinçilik bilen meşgullanýan çeper elli zenanlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna hem-de Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatyndan ugur alyp, gelin-gyzlaryň el hünärini mynasyp wasp etmeklige bagyşlanan bäsleşikde çeper elli zenanlar dört tapgyr boýunça çykyş edip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Medeniýet milletleri birleşdirýär

17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy. Baýramçylyk konserti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk sazlary ansamblynyň «Milli äheň» atly aýdymly we tansly kompozisiýasy bilen açyldy. Artistler sazyň, aýdymdyr tansyň bitewi sazlaşygy arkaly tomaşaçylara tatar halkynyň milli ruhuny açyp görkezdiler. Tatar sungat ussatlarynyň çykyşlary şowhun bilen garşy alyndy.

Sun­ga­t ummanynyň guwwasy

Sungat — bu üýtgeşik dünýe. Oňa aralaşsaň, kalbyň joşup, ruhuň göterilýär. Birki günlükde Kerki etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň gapysyndan ätlänimde hem sungatyň täsin gudraty meni özüne maýyl etdi. Synp otaglarynyň hersiniň gapysynyň deňinde säginip geçenimi duýman galdym. Aýdymdyr sazlaryň jadyly owazy kalbyňda üýtgeşik duýgyny oýarýar. Has dogrusy, özüňi sungat äleminde ganat ýaýyp ýören ýaly duýýarsyň. Aýdym-sazyň ýakymly owazyny eşideniňde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň sungata bolan zehinlerini ýüze çykarmaga, ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen ünsüň näderejede ýokarydygyna göz ýetirýärsiň. Mekdepde 14 ugur boýunça hünär öwredilip, olara çagalaryň 300-e golaýy uly höwes bilen gatnaýar. Bu ýerde mugallymlaryň 40-a golaýy zähmet çekýär. Olaryň hemmesi öz işine ussat bilim hem-de sungat işgäri.

Parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi

Sungat halklary ýakynlaşdyrýan, ruhy birlige ündeýän güýçdür. Ol kalplardan kalplara geçip, milletleriň aňyýetine ornaşýar. Pikir akabalaryny, ýagşy duýgulary kalplara siňdirýär. Ine, ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda açylan «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly geçirildi. Bu döredijilik çäresi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino we teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte», «Wada», «Daragt», «Ýaşlar», «Kämillige ýol» atly filmleriniň döredijilik toparlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Soňra olaryň yzy bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň wekiliýetleri geçdiler. Ýygnananlar gyzyl ýodadan geçen — Türkiýeden, Fransiýadan gelen myhmanlary, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Istärin» filminiň döredijilik toparyny uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Daşary ýurtly döredij

Hünärim bar — hormatym bar

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alnyp, kärhanalarda zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda tapawutlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän tikinçilik sungatyna bolan yhlasyny, söýgüsini açyp görkezmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza, il-günümize, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan belent buýsanjy, wepalylygy wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik dört şertden ybarat boldy.

Geçmişden gözbaş alan senet

Halkymyzyň gadymdan gelýän naýbaşy senetçiliginiň biri hem küýzegärlikdir. Ol taryhyň has irki döwürlerinde döräp, sungat derejesine ýetirilendir. Adamlar küýze önümlerini müňýyllyklaryň dowamynda gündelik hajatlarynda ulanmak üçin ýasan bolsalar, döwrüň ösmegi bilen, esasan hem, häzirki wagtda biri-birinden owadan bezeg maksatly küýzeler ýasalýar. Her bir sungatyň inçe täriniň bolşy ýaly, küýzegärligiň hem öz usuly bar. Munuň üçin, ilki bilen, ýokary hilli palçyk gerek bolýar. Palçygy taýýarlamak üçin ol birnäçe günläp öl ýagdaýda saklanýar, ýagny guramaz ýaly, onuň üstüne öl mata örtülip goýulýar we günüň dowamynda birnäçe gezek suwlanyp durulýar. Bu usul bilen palçygyň hilini hem barlamak bolýar, eýlenen palçygyň birleşiş ukyplylygy ýokary bolsa, bu onuň hiliniň oňatlygyndan habar berýär.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy

Düýn, ýagny 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi köp adamly boldy. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň giň foýesinde ýaýbaňlandyrylan dostlukly ýurduň senetçilik we amaly-haşam sungatyna, taryhy ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisine tomaşa etdiler. Açylyş dabarasynda Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlary şowhunly aýdym-sazlar, tanslar bilen çykyş etdiler.

Halypa sarpasy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Halow Muhammetgulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu günki günde ady ýurdumyzda giňden tanalýan halypanyň doglan güni mynasybetli guralan dabarada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow, Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýew, Berdinyýaz Babanyýazow, Muhammetguly Kasymow hem-de onuň kärdeşleri, şägirtleri ömrüniň 50 ýylyny ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmäge bagyşlap, halypanyň belent adamkärçiligi hem-de onuň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada aýratyn durup geçdiler. Halypa Halow Muhammetgulyýew Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşdy hem-de bu ugurda ençeme şägirtleri ýetişdirdi. H.Muhammetgulyýewiň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini hem-de onuň ussatlyk derejesini göz öňünde tutup, ol “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat” medallary bilen sylaglandy. Belent ruha beslenen dabara talyp ýaşlaryň joşgunly çykyşlary bilen jemlendi.

Türkmen alabaýy— edermenligiň nusgasy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda bäsleşikli sergi üçin hödürlenen eserler giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň ýörite taýýarlan 250-den gowrak işleri görkezilip, olar nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, gobelen, dizaýner-bezeg hem-de neşir önümleri bolmak bilen türkmen alabaýyna mahsus häsiýetleri, şekilleri özünde jemleýär. Biri-birinden gözegelüwliligi hem-de çeperçilik taýdan kämilligi bilen halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlaryň mertligini, edermenligini, gaýduwsyzlygyny täsirli suratlandyrýarlar.

Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Düýn ― 17-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri we paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy.

Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.

Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.

Halklary jebisleşdirýän gatnaşyklar

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Onuň bilen utgaşykly dostlukly ýurduň senetçilik we amaly-haşam sungatyna, taryhy ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi hem guraldy. Açylyş dabarasynda tatarystanly myhmanlar öz çykyşlary arkaly milli aýdym-saz, tans sungatlaryny, baý medeniýetini ussatlyk bilen görkezmegi başardylar. Biz hem ýurdumyza gelen dostlukly döwletiň wekilleriniň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Irada AÝUPOWA,Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri:

Köňülleriň ruhy çyragy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ýurtlary bilen medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy milli mirasymyzyň düýpli öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine ýol açýar. Esasan-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllyk şanly senesine ýokary derejede taýýarlyk görülýän günlerde beýik akyldaryň baý edebi mirasy çuňňur öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly ajaýyp eserleri Magtymgulynyň edebi mirasyny, çeper döredijiligini öwrenmekde aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen halkynyň synmajak sütünine öwrüldi». Täze taryhy eýýamda nusgawy şahyryň mertebesi has-da belende göterilýär. Gündogaryň beýik akyldaryny dünýä ýüzi tanaýar. Şahyryň döredijiligi dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredip, eserleriniň aglabasy doganlyk halklaryň dillerine terjime edilýär. Beýik söz ussadynyň golýazmalarynyň uly toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» mak

Sungata serhet ýok

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy senenamalara, toýdur dabaralara beslenýär. Munuň şeýledigine biz geçen hepdede Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherinde geçirilen iki sany halkara derejesindäki çäreleriň üsti bilen aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Arkadag şäheri «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda guruldy. Ol ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlenine kän wagt geçmedik hem bolsa, bu şäherde eýýäm halkara derejesindäki maslahatlardyr forumlaryň birnäçesi geçirildi. Ynha, geçen hepdede Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň, onuň yzysüre, 14 – 15-nji oktýabrda bolsa, şäheriň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi aýdylanlaryň aýdyň güwäsidir.

Şanly ýylyň şanyna

2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasynda adybir sergi guraldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat beren kitaplarynyň hem-de ýurdumyzyň tanymal alymlarynyň halkymyzyň şan-şöhratly geçmiş-taryhyna, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüşlerine bagyşlanan ylmy gollanmalary, kitaplary görkezilýär.