Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

18 Oktýabr 2023
431

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.