Medeniýet milletleri birleşdirýär

18 Oktýabr 2023
456

17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.

Baýramçylyk konserti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk sazlary ansamblynyň «Milli äheň» atly aýdymly we tansly kompozisiýasy bilen açyldy. Artistler sazyň, aýdymdyr tansyň bitewi sazlaşygy arkaly tomaşaçylara tatar halkynyň milli ruhuny açyp görkezdiler. Tatar sungat ussatlarynyň çykyşlary şowhun bilen garşy alyndy.

«Aşgabat».