Köňülleriň ruhy çyragy

17 Oktýabr 2023
472

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ýurtlary bilen medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy milli mirasymyzyň düýpli öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine ýol açýar. Esasan-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllyk şanly senesine ýokary derejede taýýarlyk görülýän günlerde beýik akyldaryň baý edebi mirasy çuňňur öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly ajaýyp eserleri Magtymgulynyň edebi mirasyny, çeper döredijiligini öwrenmekde aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen halkynyň synmajak sütünine öwrüldi».

Täze taryhy eýýamda nusgawy şahyryň mertebesi has-da belende göterilýär. Gündogaryň beýik akyldaryny dünýä ýüzi tanaýar. Şahyryň döredijiligi dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredip, eserleriniň aglabasy doganlyk halklaryň dillerine terjime edilýär. Beýik söz ussadynyň golýazmalarynyň uly toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen akyldar şahyryň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty öňküden-de artar, çuň many-mazmuna ýugrulan şygyrlarynyň örüsi has-da giňäp, dünýä dillerinde aýdym bolup ýaňlanar.

Şemşat HANDURDYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.