Sun­ga­t ummanynyň guwwasy

18 Oktýabr 2023
582

Sungat — bu üýtgeşik dünýe. Oňa aralaşsaň, kalbyň joşup, ruhuň göterilýär. Birki günlükde Kerki etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň gapysyndan ätlänimde hem sungatyň täsin gudraty meni özüne maýyl etdi. Synp otaglarynyň hersiniň gapysynyň deňinde säginip geçenimi duýman galdym. Aýdymdyr sazlaryň jadyly owazy kalbyňda üýtgeşik duýgyny oýarýar. Has dogrusy, özüňi sungat äleminde ganat ýaýyp ýören ýaly duýýarsyň. Aýdym-sazyň ýakymly owazyny eşideniňde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň sungata bolan zehinlerini ýüze çykarmaga, ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen ünsüň näderejede ýokarydygyna göz ýetirýärsiň.

Mekdepde 14 ugur boýunça hünär öwredilip, olara çagalaryň 300-e golaýy uly höwes bilen gatnaýar. Bu ýerde mugallymlaryň 40-a golaýy zähmet çekýär. Olaryň hemmesi öz işine ussat bilim hem-de sungat işgäri.

Ödegeldi KULYÝEW.