Sungata serhet ýok

17 Oktýabr 2023
383

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy senenamalara, toýdur dabaralara beslenýär. Munuň şeýledigine biz geçen hepdede Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherinde geçirilen iki sany halkara derejesindäki çäreleriň üsti bilen aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Arkadag şäheri «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda guruldy. Ol ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlenine kän wagt geçmedik hem bolsa, bu şäherde eýýäm halkara derejesindäki maslahatlardyr forumlaryň birnäçesi geçirildi. Ynha, geçen hepdede Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň, onuň yzysüre, 14 – 15-nji oktýabrda bolsa, şäheriň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi aýdylanlaryň aýdyň güwäsidir.

Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hünärmeni.