Hünärim bar — hormatym bar

18 Oktýabr 2023
430

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alnyp, kärhanalarda zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda tapawutlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän tikinçilik sungatyna bolan yhlasyny, söýgüsini açyp görkezmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza, il-günümize, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan belent buýsanjy, wepalylygy wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik dört şertden ybarat boldy.

Ejeş Guwanjowa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».