"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Agzybirligiň we päkligiň baýramy

Her güni toý-baýramlara beslenip, ýokary ruhubelentlik bilen dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ruhy-ahlak gymmatlyklary dabaralanýar. Ruhy päkligiň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, ýagşy amallaryň aýy bolan Remezan aýy hem bagtyýar zamanamyzda milli ruhy ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini şöhlelendirdi. Keremli Remezan aýynyň dowamynda halkymyzyň mizemez dost-doganlygynyň, agzybirliginiň, jebisliginiň has-da berkemegi, ýurdumyzyň abadançylygy, Watanymyzyň berkararlygy üçin ýagşy alkyş-dilegler, tagat-ybadatlar edildi, agzaçar sadakalary berildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzda aýratyn mukaddeslik hasaplanýan aýyň mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna eden etmişlerine ökünip, toba gelen bendileriň köp sanlysynyň günälerini geçmek barada sahawatly Permana gol çekmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Oraza baýramy mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň akyl-paýhasyndan, zehin-başarnygyndan, tälim-terbiýesinden kemala gelen medeniýetimiz, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, sahylyk, myhmansöýerlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk we päk wyždanlylyk ýaly gymmatlyklarymyz jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edip, beýik döredijilikli işlere ruh

Maşgalam — baş galam

Halkymyzda «Maşgalam — baş galam» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar, sebäbi döwlet maşgaladan başlanýar. Maşgala jemgyýetiň ilkinji öýjügidir. Maşgalada milli düşünjäniň, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, edep-terbiýäniň düýbi tutulýar. Maşgala ojagynyň abatlygy, synmazlygy, bagtyýarlygy bereketli ojaklaryň ýaraşygy bolan mährem gyz-gelinlerimize baglydyr. Şonuň üçinem mähirlilik, wepalylyk, sypaýylyk, hossarlyk göreldesini dowam etdiriji hökmünde zenan maşgala edep-ekramyň egsilmez gözbaşy, dünýäniň görki saýylýar. Ata-babalarymyzyň «Gyz edebi — il edebi», «Akylly gelin öý diker», «Öýi öý edýän aýal», «Maşgala — aýaldan başlanýar», «Är — öýüň goragy, aýal — öýüň diregi», «Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin öýi», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini» ýaly maşgala babatynda çuň ruhy ahlaklylyga eýlenen paýhasly pähimleri dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelýär. Ata-babalarymyzdan däp bolup gelşi ýaly, erkek adam öýde hojalykbaşy, maşgalanyň özeni hasaplanýar. Eýsem, nika baglanyşmak bilen, diňe bir är-aýal bolmak däl-de, durmuşdaky ähli kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek, ykbal ýolunda duş gelip biläýjek ähli synaglara bilelikde döz gelmek göz öňünde tutulmaýarmy, näme?!

Abadançylygyň we ösüşiň nusgasy

Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen milli binagärligiň ajaýyp nusgasyny bu gün täsin şähergurluşyk keşbine eýe bolýan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň mysalynda görmek bolýar. Häzirki günde milli binagärlik sungatynyň döwrebap ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýän desgalar dünýäniň binagärlik gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Aşgabat şäheriniň dürli ýerlerinde Parfiýa döwleti döwrüne degişli gadymy ýadygärlikleriň ýüze çykarylandygy şäheriň taryhynyň heňňamyň çuňluklaryna uzaýandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllary döwründe paýtagt şäheriň keşbi düýpgöter özgerdi, gözelleşdi. Beýik ösüşleriň çyragy bolan gözel paýtagtymyz täze özgertmeleriň, rowaçlyklaryň merkezine, ösüşleriň nyşanyna öwrüldi. Aşgabat şäheri ýurduň we sebitiň syýasy, ykdysady, dolandyryş, jemgyýetçilik, diplomatik, işewürlik, ylym-bilim we medeni işjeňligiň iri merkezi hökmünde giňden tanalýar. Şanly seneleriň milli senenamasynda baýramçylyk hökmünde her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär.

Jana şypaly mekan

Halk hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan saglyk syýasaty bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigini biljek bolsaň, Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak şäherimiz Aşgabatdan onçakly bir daş bolmadyk ýerde — ajaýyp dag jülgesinde gurlan «Bagabat» şypahanasyna gelip göräýmeli. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki gözel künjekleriniň birinde açylyp, halkyň hyzmatyna berlen «Bagabat» şypahanasy juda zamanabap saglygy dikeldiş merkezidir. Köpetdagyň çeşme-çaýly, gür bagly, seleňläp duran belent gerişleriniň arasynda gurlan şypahana ildeşlerimiziň köp gelim-gidimli ýerleriniň biridir.

Uzak ilde ýaňlanan owazlar

«Ussat bagşynyň ýoly» makalalar toplumyndan Orazgeldi bagşynyň durmuşy bilen baglanyşykly wakalary onuň ilkinji halypasy, ussat sazanda Sary Bäşim mahal-mahal ýatlar eken. Sary aga bu gürrüňleri 1972-nji ýylda garaganly Gylyçdurdy Gojaýewe gürrüň beripdir. Beýik bagşy Orazgeldi Ylýasowyň ussatlygyny subut eden bu waka onuň Moskwa saparynda bolup geçipdir.

Pederleriň paýhasyna eýerip

Türkmende «myhman paýy» diýen düşünje bar. «Myhman paýy» munuň özi myhmanyň rysgalydyr. Türkmen myhman üçin hem rysgal paýyny aýryp goýýandyr, ätiýaçlydyr. Saý-sebäp bilen «myhman paýy» galmadyk halatynda, myhman üçin ýeňiljek nahar ataryp goýýandyr. Derrew bir çäýnek çaý içilýänçä, myhman nahary taýyndyr. Türkmeniň «myhman paýy» diýleni hem, myhman gelensoň hem hezzet-hormat geler durar, geler durar, miwe, ir-iýmiş ýetişen döwri dagy bolsa-ha, saçak üstünde ýer tapmagam aňsat däldir. Oňa çenli myhman gelenden soňky atarylan nahar hem bişer. Türkmen myhmansöýerlige uly sarpa goýýar, gapysyndan del kişi gelse-de «gel, geç» diýer, hödür-tagam hödürlär. Türkmeniň rysgally-döwletliligi hem şondandyr. Türkmen «Myhman öz rysgal-döwleti bilen gelýändir» diýýändir. Sebäbi türkmeniň ýagşy niýeti bar. Ýagşy niýet döwletlilikdir. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bolsa özüniň ýagşy niýetliliginden gözbaş alýandyr. Ýagşy niýetlilik agzybirlige eltýär.

Nusgalyk ýörelgelerimiz teatr sahnasynda

12-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Türkmen teatr sungaty» atly teatr bäsleşigi öz işine başlady. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň teatrlary özleriniň hormatly Prezidentimiziň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen kitaplaryndan ruhlanyp sahnalaşdyran spektakllary bilen gatnaşýarlar.

Aşgabat kino sungatynda

Şu günler paýtagtymyzyň «Aşgabat», «Watan», «Türkmenistan» kinoteatrlarynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Aşgabadyň waspy kino sungatymyzda» atly türkmen kinofilmleriniň hepdeligi dowam edýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan bilelikde guralan hepdelikde tanymal türkmen kinorežissýorlarynyň dürli ýyllarda surata düşüren çeper filmlerine uly orun berildi.

Ýodasyny ýola goşan

Juma Wellekowyň hazynaly horjunynda bäş ýüzden gowrak tirme aýdymlaryndan başga-da Öwlüýäguly bagşydan öwrenen «Görogly» eposynyň şahalarynyň, gyzykly halk rowaýatlarynyň onlarçasy, «Hüýrlukga-Hemra» dessany, «Gelin ýörişi» atly giň göwrümli sazly dessan hem bardy. Hojambaz etrabynyň Beşir obasy bagşyçylygyň ärsary ýolunyň ençeme ussatlarynyň ýaşap geçen ýeridir. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Juma Wellekowdyr. Onuň ata-enesi halk aýdym-sazlaryna aýratyn sarpa goýupdyr. Daýysy Muhammet olara gelende, mydama eli dutarly geler ekeni. Jumanyň başga güýmenjelere höwesi bolman, daýysy heň etse, gapdalynda aýdymlara diň salyp, gulajyklaryny keýerjekledip oturypdyr. Şol häsiýeti onuň aýdym-saza höweslenmegine uly täsirini ýetiripdir. Ol eýýäm başlangyç mekdepde okaýarka, käbir sazlary öwrenip, oňa özüniň näzijek sesini goşup başlaýar.

Sungat ykbala öwrülende

Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Myradowyň döredijilik ýoly barada söhbet Sungat — ynsan köňüllerine syýahat. Ol syýahatyň dowamynda biz ruhumyzy şirinden-şirin söhbetlerden, gözelliklerden gandyrmak mümkinçiligine eýe bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys” diýen sözlerinden ruhlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýollarda öçmejek yz galdyran ussatlaryň döredijiligine täzeden nazar aýlap, olary hatyralamak ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan adamlaryň geçen ýollarynyň, döredijilik mekdebiniň nesilleriň aňynda ebedi galmagy üçin giň mümkinçilikleri berýär. Şeýle sungat ussatlarynyň biri-de sahnanyň, «mawy ekranyň» üsti bilen tomaşaçylarymyzyň ýüreklerine aralaşyp, kalplardan hemişelik orun alan zehinli artist Annamyrat Myradowdyr.

Görenlerden eşidenlerim

Ata Ablydan soň... Daşoguzda meşhur gyjakçy Sapar Bekiden tälim alyp, özüni tanadan gyjakçylaryň biri Oraz Gurbannyýazdan: «Ata Ablynyň ussatlygy barada aýdaýsaňyz» diýip ýüzlenenlerinde:

Edep hakynda

Kimiň edebi akylyndan ýokary bolsa, göýä köp goýny bolan çopan ýalydyr. * * *

Bedew bilen bagry badaşan

Türkmen halkynyň durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Jana-jan syrdaşy bolan bedewe halkymyzyň goýýan hormaty, sarpasy bimöçberdir. Görogly begiň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýmeginiň özem munuň aňrybaş güwäsi bolup durýar. Biz bu gün bütin ömrüni diýen ýaly atçylyga bagyşlan ýaşuly atşynas hakynda söhbet etmegi makul bildik. Altmyş sekiz ýaşly ýaşuly ömrüniň ýarym asyra golaý bölegini atlary — ýaş taýlary ösdürip ýetişdirmäge bagyş edipdir.

Baýramlara bagyşlanan gazallar

Ak şäherim Aşgabat,Ylhamyňda badym bar.Ösüşlerňe guwanýan,Kalpda göwün şadym bar. Uzak-uzak ýollardan,Dost gelýär, dogan gelýär.Bagtyýarlyk aýdymy,Sende baky ýaňlanýar.

Medeni diplomatiýa — halklary jebisleşdirýän umumylyk

Medeniýet — nirede ýaşalýandygyna, haýsy dilde sözleşilýändigine garamazdan, Ýer togalagynyň islendik nokadynda sözsüz düşünişip bolýan umumylykdyr. Islendik halky öwrenmekçi bolsaň, ilki dilini, soňra medeniýetini öwren diýlip, ýöne ýere aýdylmandyr. Dil — pikir alyşmaga, medeniýet bolsa, ýakyndan düşünişmäge ýardam edýär. Halklaryň kalplaryna ýol salýan medeni gatnaşyklar bütindünýä möçberli ähli başlangyçlaryň, ylalaşyklaryň hem özara ynanyşmagyň binýadydyr. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyzda medeni diplomatiýany ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Sözümiz guraksy bolmaz ýaly, dürli ýyllarda biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerde geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle-de daşary ýurtlaryň biziň döwletimizde geçirilen Medeniýet günlerini, döredijilik toparlarydyr aýdymçylarymyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralarda, festiwallardadyr bäsleşiklerde çykyş edip gelýändiklerini nygtamak gerek.

Gurmak, döretmek, bina galdyrmak — ata-baba ýolumyz

«Ak şäherim Aşgabat» kitaby — milli Liderimiziň şu ýörelgä esaslanýan işleriniň beýany Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlary bilen bir hatarda şähergurluşyk maksatnamasyny talabalaýyk durmuşa geçirmäge aýratyn yhlas siňdirip gelýär. Bu ugurda alnyp barylýan iňňän öňdengörüjilikli syýasatyň ýurdumyzyň ähli oba-kentlerini dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga, ähli ilatly ýerleriň ol ýerde ýaşaýanlar üçinem, ol ýerlere gelýän myhmanlar üçinem ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatlyklary özünde jemlemegini ýola goýmaga gönükdirilendir. Bu işler amala aşyrylanda ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek, bina galdyrmak babatda döwletli ýörelgelerine esaslanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilen işleriň netijesinde soňky sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Onuň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalary, şäherçeleri, şäherleri döredi. Şol bir wagtda maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, dünýädäki abraý-mertebesi barha belende göterilip barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi bolan Aşgabat şäheri iňňän owadan, arassa, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan, hemmelere nusgalyk şähere öwrüldi. Bu ugurda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgi

Edebiýat bilen žurnalistika sazlaşanda

Zamanamyzyň belent waspçysy, ençeme goşgular toplumynyň, ýüzlerçe aýdymlaryň, «Täleý köprüsi» atly romanyň, powestleriň, hekaýalaryň, nowellalaryň, syýasy-liriki makalalaryň, çeper we dokumental filmleriň edebi esaslarynyň awtory, döwlet sylaglarynyň we hormatly atlaryň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Döwletgeldi aga, siz döredijilik adamsy. Döredijiligiň dünýäsinde ýaşap, ajaýyp eserleri döredýärsiňiz. Sözi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde goýan maksatlaryňyzdan başlaýalyň!

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda öý-ojak, maşgala barada aýdylanlardan

Halkymyzda ynsap adamkärçiligiň iň gymmatly ölçegi hasap edilýär. Ene-atadan nesle miras geçýän iň asylly gymmatlyk ynsapdyr. * * *

Ruhy ahwalatlar

Ýürek, sen neneňsi üýtgeşik gudrat! Sen bu röwşen dünýäde bolup geçýän hadysalary, wakalary duýup, köpüsini bolsa özüňde saklaýarsyň. Aň bolsa olary diňe seniň üstüň bilen hiç mahal bozulmajak «kitabyna» ýazyp goýýar. Aýtsana, ýürek, aň seniň ähli zatlaryňy ýazyp saklaýan hazynaňmy?! * * *

Sungat şäheriniň waspy

Öňňin paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Aşgabadyň waspy kino sungatynda» atly türkmen kinofilmleriniň hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hepdeligi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, Aşgabat şäher häkimligi bilelikde guradylar. «Aşgabat» kinoteatrynda hepdeligiň dabaraly açylyşyndan soň, bu ýerde kinorežissýor Arslan Eýeberdiýewiň 2020-nji ýylda surata düşürilen «Durmuş kyssalary» atly çeper filminiň görkezilişi boldy. Iki bölümden ybarat filmde ynsanlaryň arasyndaky dostluk, söýgi gatnaşyklary barada söhbet edilýär.