Abadançylygyň we ösüşiň nusgasy

14 Maý 2021
1032

Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen milli binagärligiň ajaýyp nusgasyny bu gün täsin şähergurluşyk keşbine eýe bolýan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň mysalynda görmek bolýar. Häzirki günde milli binagärlik sungatynyň döwrebap ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýän desgalar dünýäniň binagärlik gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýär.

Aşgabat şäheriniň dürli ýerlerinde Parfiýa döwleti döwrüne degişli gadymy ýadygärlikleriň ýüze çykarylandygy şäheriň taryhynyň heňňamyň çuňluklaryna uzaýandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllary döwründe paýtagt şäheriň keşbi düýpgöter özgerdi, gözelleşdi. Beýik ösüşleriň çyragy bolan gözel paýtagtymyz täze özgertmeleriň, rowaçlyklaryň merkezine, ösüşleriň nyşanyna öwrüldi. Aşgabat şäheri ýurduň we sebitiň syýasy, ykdysady, dolandyryş, jemgyýetçilik, diplomatik, işewürlik, ylym-bilim we medeni işjeňligiň iri merkezi hökmünde giňden tanalýar. Şanly seneleriň milli senenamasynda baýramçylyk hökmünde her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär.

Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlaryň doktory.