Gurmak, döretmek, bina galdyrmak — ata-baba ýolumyz

12 Maý 2021
1291

«Ak şäherim Aşgabat» kitaby — milli Liderimiziň şu ýörelgä esaslanýan işleriniň beýany Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlary bilen bir hatarda şähergurluşyk maksatnamasyny talabalaýyk durmuşa geçirmäge aýratyn yhlas siňdirip gelýär. Bu ugurda alnyp barylýan iňňän öňdengörüjilikli syýasatyň ýurdumyzyň ähli oba-kentlerini dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga, ähli ilatly ýerleriň ol ýerde ýaşaýanlar üçinem, ol ýerlere gelýän myhmanlar üçinem ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatlyklary özünde jemlemegini ýola goýmaga gönükdirilendir.

Bu işler amala aşyrylanda ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek, bina galdyrmak babatda döwletli ýörelgelerine esaslanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilen işleriň netijesinde soňky sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Onuň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalary, şäherçeleri, şäherleri döredi. Şol bir wagtda maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, dünýädäki abraý-mertebesi barha belende göterilip barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi bolan Aşgabat şäheri iňňän owadan, arassa, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan, hemmelere nusgalyk şähere öwrüldi. Bu ugurda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän täze «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda giňişleýin beýan edilipdir.

Atajan BURUNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.