Bedew bilen bagry badaşan

12 Maý 2021
925

Türkmen halkynyň durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Jana-jan syrdaşy bolan bedewe halkymyzyň goýýan hormaty, sarpasy bimöçberdir. Görogly begiň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýmeginiň özem munuň aňrybaş güwäsi bolup durýar.

Biz bu gün bütin ömrüni diýen ýaly atçylyga bagyşlan ýaşuly atşynas hakynda söhbet etmegi makul bildik. Altmyş sekiz ýaşly ýaşuly ömrüniň ýarym asyra golaý bölegini atlary — ýaş taýlary ösdürip ýetişdirmäge bagyş edipdir.

Süleýman HANGELDIÝEW,
Serdar şäheri. Suratda: Altymyrat Hojamyradow agtygy Enwer we aty Düldül bilen. Surata düşüren Azatgeldi Gurtgeldiýew.