Maşgalam — baş galam

14 Maý 2021
1034

Halkymyzda «Maşgalam — baş galam» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar, sebäbi döwlet maşgaladan başlanýar. Maşgala jemgyýetiň ilkinji öýjügidir. Maşgalada milli düşünjäniň, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, edep-terbiýäniň düýbi tutulýar. Maşgala ojagynyň abatlygy, synmazlygy, bagtyýarlygy bereketli ojaklaryň ýaraşygy bolan mährem gyz-gelinlerimize baglydyr. Şonuň üçinem mähirlilik, wepalylyk, sypaýylyk, hossarlyk göreldesini dowam etdiriji hökmünde zenan maşgala edep-ekramyň egsilmez gözbaşy, dünýäniň görki saýylýar. Ata-babalarymyzyň «Gyz edebi — il edebi», «Akylly gelin öý diker», «Öýi öý edýän aýal», «Maşgala — aýaldan başlanýar», «Är — öýüň goragy, aýal — öýüň diregi», «Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin öýi», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini» ýaly maşgala babatynda çuň ruhy ahlaklylyga eýlenen paýhasly pähimleri dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelýär.

Ata-babalarymyzdan däp bolup gelşi ýaly, erkek adam öýde hojalykbaşy, maşgalanyň özeni hasaplanýar. Eýsem, nika baglanyşmak bilen, diňe bir är-aýal bolmak däl-de, durmuşdaky ähli kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek, ykbal ýolunda duş gelip biläýjek ähli synaglara bilelikde döz gelmek göz öňünde tutulmaýarmy, näme?!

Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.