Agzybirligiň we päkligiň baýramy

14 Maý 2021
1101

Her güni toý-baýramlara beslenip, ýokary ruhubelentlik bilen dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ruhy-ahlak gymmatlyklary dabaralanýar. Ruhy päkligiň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, ýagşy amallaryň aýy bolan Remezan aýy hem bagtyýar zamanamyzda milli ruhy ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini şöhlelendirdi.

Keremli Remezan aýynyň dowamynda halkymyzyň mizemez dost-doganlygynyň, agzybirliginiň, jebisliginiň has-da berkemegi, ýurdumyzyň abadançylygy, Watanymyzyň berkararlygy üçin ýagşy alkyş-dilegler, tagat-ybadatlar edildi, agzaçar sadakalary berildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzda aýratyn mukaddeslik hasaplanýan aýyň mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna eden etmişlerine ökünip, toba gelen bendileriň köp sanlysynyň günälerini geçmek barada sahawatly Permana gol çekmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Oraza baýramy mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň akyl-paýhasyndan, zehin-başarnygyndan, tälim-terbiýesinden kemala gelen medeniýetimiz, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, sahylyk, myhmansöýerlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk we päk wyždanlylyk ýaly gymmatlyklarymyz jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edip, beýik döredijilikli işlere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasymyz dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň dostlugyny berkitmäge, adamzadyň röwşen geljegini üpjün etmäge, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine we ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine örän uly ýardam edýär.

«Watan».