Sungat ykbala öwrülende

13 Maý 2021
1131

Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Myradowyň döredijilik ýoly barada söhbet

Sungat — ynsan köňüllerine syýahat. Ol syýahatyň dowamynda biz ruhumyzy şirinden-şirin söhbetlerden, gözelliklerden gandyrmak mümkinçiligine eýe bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys” diýen sözlerinden ruhlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýollarda öçmejek yz galdyran ussatlaryň döredijiligine täzeden nazar aýlap, olary hatyralamak ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan adamlaryň geçen ýollarynyň, döredijilik mekdebiniň nesilleriň aňynda ebedi galmagy üçin giň mümkinçilikleri berýär. Şeýle sungat ussatlarynyň biri-de sahnanyň, «mawy ekranyň» üsti bilen tomaşaçylarymyzyň ýüreklerine aralaşyp, kalplardan hemişelik orun alan zehinli artist Annamyrat Myradowdyr.

Merdan TUWELEEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylym we döredijilik işleri boýunça prorektory.