Sungat şäheriniň waspy

12 Maý 2021
1108

Öňňin paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Aşgabadyň waspy kino sungatynda» atly türkmen kinofilmleriniň hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hepdeligi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, Aşgabat şäher häkimligi bilelikde guradylar.

«Aşgabat» kinoteatrynda hepdeligiň dabaraly açylyşyndan soň, bu ýerde kinorežissýor Arslan Eýeberdiýewiň 2020-nji ýylda surata düşürilen «Durmuş kyssalary» atly çeper filminiň görkezilişi boldy. Iki bölümden ybarat filmde ynsanlaryň arasyndaky dostluk, söýgi gatnaşyklary barada söhbet edilýär.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».