"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýar körpelere ajaýyp sowgat

Iýunyň üçünji ongünlügi türkmen Diýaryna Medeniýet hepdeligini, bu hepdeligiň çäginde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi alyp gelýär. Ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärlerine hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly hormat goýlup, bu hepdelik olara goýulýan sarpanyň belent derejesinden nyşandyr.

Oguz hanyň toýy kibi toý olup

Eziz topragyny jan-tenden söýüp, bir gysym gum üçin şirin janyndan geçmäge taýýar watançy şahyr Seýitnazar Seýdi özüniň «Sagat gütse gerekdir» diýen goşgusynda: Oguz hanyň toýy kibi toý olup,Köp tomaşa bilen ötse gerekdir...

Bagtyýar çagalara baýramçylyk sowgady

Halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, ýaş nesilleriň bilimli we terbiýeli, ukyply ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky tagallalar milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň özenini düzýär. 24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem bu hakykatyň nobatdaky tassyknamasy boldy. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap etraby hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasyndaky bäsleşigiň 2016-njy ýylyň jemleri boýunça ýeňijisi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, däne we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmakda, ilaty sport bilen meşgullanmaga çekmekde we beýleki ugurlardaky netijeleri göz öňünde tutulyp, Lebap welaýatynyň Farap etraby ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Şol serişdeler çagalar üçin niýetlenen täze medeniýet merkeziniň gurluşygyna we onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna gönükdirildi.

Döwletli ýörelge dünýä ýaýylýar

24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Göwne ganat, döwre zynat binalar

Gadymy mekanyň döwrebap howa menzili Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Kerki şäherinde Halkara howa menzili dabaraly ýagdaýda açyldy. Amyderýanyň çep kenaryndaky gadymy şäherde tutulan toý dabaralary bütin ýurda ýaň saldy.

Medeniýetim, seniň beýik sarpaň bar!

Sen — nur alan pederleriň kökünden,Gözel tebigatyň hamyrmaýasy.Tanadylar roýum şaýym-sepimden,Gadym kökli halkyň hossar — saýasy,Sen türkmeniň mertebeli galasy. Seniň bilen däp-dessurym ýörelge,Nesillere siňen Hakdan halatyň.Päk zähmetden ýurdum bagy-Eremde,Bagtyň bilen döwrüm ýaýdy ganatyn,Seniň bilen türkmenligim haladym.

Uçardaky toý dabarasy

ýa-da howa gämisindäki şowhun Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde Lebap topragynyň dury asmanynda ganat ýaýan uçardaky, ýagny howa gämisindäki toý — gelnalyjy özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, örän täsirli boldy. Şeýle hem toý-baýramlara baý milli medeniýetimiziň günbe-günden ösýändiginiň, baýlaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Köňülleriň şatlygy, ylhamlaryň joşguny

Şu günler welaýatymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeligi dürli medeni-köpçülikleýin çäreleriň, aýdym-sazly dabaralaryň, çeper okaýyşlaryň geçirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan gelen ýazyjy-şahyrlaryň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda welaýatymyzyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklere guralýan gezelençler hem täsirliligi bilen tapawutlanýar. Habarçylarymyzyň uly ruhubelentlige beslenen şol çäreleriň geçişi dogrusyndaky makalalaryny gazetimiziň şu sanynda ýerleşdirýäris.

Mugam diňläli, gardaş!

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan) Günorta kenarynda Eýran Yslam Respublikasynyň iň uly port şäherleriniň birine öwrülen Enzeli, gündogar kenarynda Gazagystan Respublikasynyň port şäheri Aktau, Ural derýasynyň Hazar deňzine guýýan deltasyndan 20 kilometr daşlykda hem Atyrau şäheri bardyr.

Medeniýet — halkyň jebisligi

Türkmen halky taryhda dünýä belli maddy we ruhy gymmatlyklary döretmegi başaran halk. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli medeniýetini, taryhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, kämilleşdirmek babatda uly işler üstünlikli alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, döwletimizde üstünlikli durmuşa geçirilýän medeniýet syýasatynyň netijesinde, maddy we maddy däl baýlyklarymyzy içgin öwrenmek boýunça geçirilýän ulgamlaýyn we dowamly işleriň gerimi giňäp, belent sepgitlere ýetilýär, häzirki döwrümiz üçin örän möhüm medeni maksatnamalary durmuşa geçirmäge badalga berilýär. Medeniýet we sungat dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny we milli däpleri sazlaşdyryp ösende jemgyýetiň ösüşine oňaýly täsir edýändigini alymlar tassyklaýar. Beýle diýildigi, taryhyň her bir ädimini, her bir pursatyny hakyky şöhlelendirmegiň medeniýetiň we sungatyň esasy wezipesi bolup durýandygyny aňladýar. Diýmek, medeniýet we sungat ýurdumyzda, jemgyýetimizde bolup geçýän özgertmeleriň aýnasydyr. Häzirki döwürde bolsa, sagdyn pikirli, sowatly, dünýäniň ösen talaplaryna laýyk iş alyp barmagy başarýan täze nesliň kemala gelendigi, ýaş nesliň milli medeniýetimizi, sungatymyzyň aýratynlyklaryny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýandygyny hormatly Prezidentimiz özüniň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda buýsanç bilen belleýär.

Döredijilik dünýäsiniň ussady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň baý mirasyny, edebiýatyny, sungatyny öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen medeniýetine ägirt uly goşant goşan şahyrdyr ýazyjylarymyzyň, alymlarymyzyň mirasy öwrenilip, halkymyza gaýtarylyp berildi. Şol ägirtleriň hatarynda Gündogaryň danasy, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir, çünki beýik akyldarymyz ähli döwürleriň nusga alarlyk derejesindäki ussat şahyrydyr. Onuň eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasyna giren, bahasyna ýetip bolmaýan ruhy baýlykdyr. Beýik akyldar şahyryň şygyrlary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Dürdäne setirlerde öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi durmuşda gymmatly edep-terbiýe ýoluny döredýär. Şahyryň many-mazmuna baý, watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden doly şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, oňa ruhy lezzet berýär.

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

TÜRKMENIŇ KALBYNYŇ GÖZELLIGI DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR 23-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler» atly wideoduşuşyk geçirildi.

Türkmen medeniýeti

Bu günki gün —                   bagtyýarlyk döwründe,Ähmiýeti artyp barýar ömrüň-de,Bir enaýy duýgy döräp göwnüňde,Tarypyny ile ýaýasyň gelýär,Türkmen medeniýeti belende galýar. Bir esere meňzäp gelýär ýazlary,Keşde çekýär durnalary, gazlary.Giň dünýäni gümmürdeden sazlary,Ýürekleň törüni sarsdyryp bilýär,Türkmen medeniýeti belende galýar.

Milli dessuryň täze ýörelgesi

Sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçmegi bilen, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň döwlet derejesinde uly dabaralar bilen bellenilmegi, mynasyp zähmet çekenlere hormatly atlaryň dakylyp, Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem welaýatlarda Medeniýet hepdeliginiň şatlyk-şowhuna beslenip toýlanmagy ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň şöhlelenmesidir. Hormatly Prezidentimiz sungaty öz sahawaty bilen nurlandyryp, ussat bagşy-sazandalary tirsegine galdyrýar. Milli medeniýetiň toýuny uludan tutup, baý mirasymyzy gaýtadan dikeldip, onuň müň öwüşginli keşbini janlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň medeniýetini gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni durmuşa gatnaşmaga we olar üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilen medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem ruhy gymmatlyklary estetiki, durmuş-medeni, taryhy we beýleki nukdaýnazarlardan, türkmen halkynyň milli medeni özboluşlylygyny aýawly saklamak we

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

PARAHATÇYLYGY DABARALANDYRÝAN SUNGAT Bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzda medeni ulgamda amala aşyrylýan uly işler milli aýdym-saz sungatymyzyň gadymdan gelýän iň asylly we ýörgünli däpleriniň has-da kämilleşmegine, täze öwüşginlere, özboluşly ruhubelent owazlara beslenen häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň kemala gelmegine ýardam berýär. Türkmen aýdym-saz sungaty öz köklerini taryhyň iň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýar. Muňa mysal hökmünde nesilbaşymyz Oguz han türkmeniň döwründen bäri döräp, ösüp-örňän nepis aýdym-sazlarymyzy, şirin mukamlarymyzy, şeýle hem gadymy Köneürgençden, Nusaýdan, Merwden, Sarahsdan we beýleki birnäçe belli-belli ýadygärliklerden tapylan arheologik gymmatlyklary, türkmeniň gadymy saz gurallary bolan dutaryň, gargy tüýdügiň döreýşi hakynda halk arasynda giňden ýaýran rowaýatlary görkezmek bolar.

Toý lybasyn geýen Lebap

Gadymy Lebap topragynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. 23-nji iýunda — çarşenbe güni hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen täze Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde eden çykyşynda Kerki şäherinde täze halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm taryhy wakadygyny, şeýle hem, bu şanly wakalaryň — açylyş dabaralarynyň Medeniýet hepdeliginiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygyny belledi. Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasynda öndürilen uzak aralyga uçup bilýän «Boeing 777-200LR» kysymly täze uçar we täze harby uçar Kerkiniň täze Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerdäki dabara iki juwanyň durmuş toýy bilen utgaşdy. Göwünleri galkyndyran bu buýsançly waka dabara gatnaşyjylarda, aýratynam, toý toýlaýan maşgalanyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Türkmen medeniýeti — türkmen sungaty

Meşhurlyk gazandy Ýeriň ýüzünde, Türkmen medenýeti — türkmen sungaty.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

Täsirli geçen bäsleşik Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Türkmeniň mili buýsanjy Magtymguly Pyragy” ady bilen dürli ugurlarda zähmet çekýän zähmetkeşleriň arasynda bäsleşik geçirildi. TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýeňiş Nurmyradowyň ýolbaşçylygynda, şeýle hem TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň başlyklary Tawus Gylyjowanyň, Akmyrat Öwlüýägulyýewiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedowyň ýardam bermeginde guralan bu bäsleşik 2 şertden ybarat boldy. 1-nji şert akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýatdan we labyzly okamak bolsa, 2-nji şerti şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary aýtmakdan, şahyryň goşgulary esasynda sahna oýunlaryny ýerine ýetirmekden, şeýle hem şahyra bagyşlanylyp ýazylan goşgulary labyzly okamakdan ybarat boldy. Şowhunly hem täsirli geçirilen bäsleşige etrabyň mekdeplerinden ýaşlar gatnaşdylar. Göwünleri galkyndyran bu aýdym-sazly bäsleşige dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlaryň 6-sy gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar bäsleşige taýýarlykly gelmek bilen, joşgunly çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň dana şahyryna goýýan belent sarpasyny öz çykyşlarynda açyp görkezdiler. Bu dabara Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda

Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy her bir nesliň kalbynda watansöýüjilik söýgüsini oýarýar. Şahyr her döwrüň, her nesliň kalbyna girende bolsa beýik akyldar şol döwrüň, şol nesliň döwürdeşi ýaly bolup orta çykýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmeniň bu beýik söz ussadyna aýratyn sarpa, belent söýgi bildirýänligi bilen düşündirmek bolar. Magtymguly Pyragy dürdäne döredijiliginde watançylygyň ajaýyp sypatlaryny ussatlyk bilen wasp eden şahyrymyzdyr. Ol her bir ynsanyň Watana wepaly bolmagyny esasy borç hasaplapdyr. Şahyryň «Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, ««Mert bolmaz”, ««Ýeli gürgeniň” ýaly ýüzlerçe goşgulary türkmen halkynyň kalbynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Enejan HANOWA.

Medeniýet hepdeligi — 2021: üçünji gün

Halkymyzyň döredijilik däpleri baýlaşýar LEBAP WELAÝATY, 24-nji iýun (TDH). Medeniýet hepdeliginiň bu güni köpöwüşginli çykyşlara baý boldy. Onuň maksatnamasy ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dürli künjeklerinde geçirilen, iň gowy däpleriň, ynsanperwer ýörelgeleriň bitewüligini alamatlandyrýan birnäçe çäreleri öz içine aldy.