Bagtyýar çagalara baýramçylyk sowgady

25 Iýun 2021
1224

Halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, ýaş nesilleriň bilimli we terbiýeli, ukyply ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky tagallalar milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň özenini düzýär. 24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem bu hakykatyň nobatdaky tassyknamasy boldy.

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap etraby hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasyndaky bäsleşigiň 2016-njy ýylyň jemleri boýunça ýeňijisi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, däne we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmakda, ilaty sport bilen meşgullanmaga çekmekde we beýleki ugurlardaky netijeleri göz öňünde tutulyp, Lebap welaýatynyň Farap etraby ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Şol serişdeler çagalar üçin niýetlenen täze medeniýet merkeziniň gurluşygyna we onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna gönükdirildi.