Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy

25 Iýun 2021
967

Türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy her bir nesliň kalbynda watansöýüjilik söýgüsini oýarýar. Şahyr her döwrüň, her nesliň kalbyna girende bolsa beýik akyldar şol döwrüň, şol nesliň döwürdeşi ýaly bolup orta çykýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmeniň bu beýik söz ussadyna aýratyn sarpa, belent söýgi bildirýänligi bilen düşündirmek bolar. Magtymguly Pyragy dürdäne döredijiliginde watançylygyň ajaýyp sypatlaryny ussatlyk bilen wasp eden şahyrymyzdyr. Ol her bir ynsanyň Watana wepaly bolmagyny esasy borç hasaplapdyr. Şahyryň «Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, ««Mert bolmaz”, ««Ýeli gürgeniň” ýaly ýüzlerçe goşgulary türkmen halkynyň kalbynda belent owaz bilen ýaňlanýar.

Enejan HANOWA.