«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

25 Iýun 2021
905

PARAHATÇYLYGY DABARALANDYRÝAN SUNGAT

Bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzda medeni ulgamda amala aşyrylýan uly işler milli aýdym-saz sungatymyzyň gadymdan gelýän iň asylly we ýörgünli däpleriniň has-da kämilleşmegine, täze öwüşginlere, özboluşly ruhubelent owazlara beslenen häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň kemala gelmegine ýardam berýär. Türkmen aýdym-saz sungaty öz köklerini taryhyň iň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýar. Muňa mysal hökmünde nesilbaşymyz Oguz han türkmeniň döwründen bäri döräp, ösüp-örňän nepis aýdym-sazlarymyzy, şirin mukamlarymyzy, şeýle hem gadymy Köneürgençden, Nusaýdan, Merwden, Sarahsdan we beýleki birnäçe belli-belli ýadygärliklerden tapylan arheologik gymmatlyklary, türkmeniň gadymy saz gurallary bolan dutaryň, gargy tüýdügiň döreýşi hakynda halk arasynda giňden ýaýran rowaýatlary görkezmek bolar.

Saýat NURMEDOWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň işjeň agzasy.