Toý lybasyn geýen Lebap

25 Iýun 2021
856

Gadymy Lebap topragynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. 23-nji iýunda — çarşenbe güni hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen täze Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde eden çykyşynda Kerki şäherinde täze halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm taryhy wakadygyny, şeýle hem, bu şanly wakalaryň — açylyş dabaralarynyň Medeniýet hepdeliginiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygyny belledi.

Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasynda öndürilen uzak aralyga uçup bilýän «Boeing 777-200LR» kysymly täze uçar we täze harby uçar Kerkiniň täze Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerdäki dabara iki juwanyň durmuş toýy bilen utgaşdy. Göwünleri galkyndyran bu buýsançly waka dabara gatnaşyjylarda, aýratynam, toý toýlaýan maşgalanyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.