Döredijilik dünýäsiniň ussady

25 Iýun 2021
693

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň baý mirasyny, edebiýatyny, sungatyny öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen medeniýetine ägirt uly goşant goşan şahyrdyr ýazyjylarymyzyň, alymlarymyzyň mirasy öwrenilip, halkymyza gaýtarylyp berildi. Şol ägirtleriň hatarynda Gündogaryň danasy, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir, çünki beýik akyldarymyz ähli döwürleriň nusga alarlyk derejesindäki ussat şahyrydyr. Onuň eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasyna giren, bahasyna ýetip bolmaýan ruhy baýlykdyr.

Beýik akyldar şahyryň şygyrlary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Dürdäne setirlerde öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi durmuşda gymmatly edep-terbiýe ýoluny döredýär. Şahyryň many-mazmuna baý, watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden doly şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, oňa ruhy lezzet berýär.

Ogulnabat MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri.