Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

25 Iýun 2021
1009

Täsirli geçen bäsleşik

Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Türkmeniň mili buýsanjy Magtymguly Pyragy” ady bilen dürli ugurlarda zähmet çekýän zähmetkeşleriň arasynda bäsleşik geçirildi. TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýeňiş Nurmyradowyň ýolbaşçylygynda, şeýle hem TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň başlyklary Tawus Gylyjowanyň, Akmyrat Öwlüýägulyýewiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedowyň ýardam bermeginde guralan bu bäsleşik 2 şertden ybarat boldy. 1-nji şert akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýatdan we labyzly okamak bolsa, 2-nji şerti şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary aýtmakdan, şahyryň goşgulary esasynda sahna oýunlaryny ýerine ýetirmekden, şeýle hem şahyra bagyşlanylyp ýazylan goşgulary labyzly okamakdan ybarat boldy. Şowhunly hem täsirli geçirilen bäsleşige etrabyň mekdeplerinden ýaşlar gatnaşdylar. Göwünleri galkyndyran bu aýdym-sazly bäsleşige dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlaryň 6-sy gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar bäsleşige taýýarlykly gelmek bilen, joşgunly çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň dana şahyryna goýýan belent sarpasyny öz çykyşlarynda açyp görkezdiler. Bu dabara Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda giňden hem dabaraly bellenilýän goşa baýramçylyga mynasyp sowgat boldy.