Milli dessuryň täze ýörelgesi

25 Iýun 2021
851

Sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçmegi bilen, her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň döwlet derejesinde uly dabaralar bilen bellenilmegi, mynasyp zähmet çekenlere hormatly atlaryň dakylyp, Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem welaýatlarda Medeniýet hepdeliginiň şatlyk-şowhuna beslenip toýlanmagy ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň şöhlelenmesidir. Hormatly Prezidentimiz sungaty öz sahawaty bilen nurlandyryp, ussat bagşy-sazandalary tirsegine galdyrýar. Milli medeniýetiň toýuny uludan tutup, baý mirasymyzy gaýtadan dikeldip, onuň müň öwüşginli keşbini janlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň medeniýetini gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni durmuşa gatnaşmaga we olar üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilen medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem ruhy gymmatlyklary estetiki, durmuş-medeni, taryhy we beýleki nukdaýnazarlardan, türkmen halkynyň milli medeni özboluşlylygyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin ähmiýeti bolan gymmatlyklary gorap saklamagy üpjün etmäge gönükdirilen «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu resminama türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Türkmenistan milli we bütindünýä medeni mirasyny aýawly saklamak işinde ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. «Görogly» şadessanynyň, şeýle hem küştdepdi aýdym we saz dessurymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi dost-doganlygy wasp etmekde, watançylygy terbiýelemekde, ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda nobatdaky ädim boldy.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.