Gül görkli guwanjymyz
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda toýlar toýlara ulaşýar. Watanymyzyň at-owazasy älem içre dabaralanýar. Ak mermere beslenen Aşgabat hem gözelligi we haýran galdyryjy binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny goýnunda jemläp, ylalaşdyryjy merkez hökmünde dost-dogana gujak gerýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýunyň goşalanyp gelmegi bolsa her bir türkmenistanlynyň göwün guşuny asmana uçurýar. Gujagynda kaşaň-kaşaň ymaratlary, sport desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, suw çüwdürimlerini, ýaşyl baglary jemläp oturan ak şäherimiz Aşgabadyň at-owazy tutuş dünýä ýaýylýar. Dürli gymmatlyklary bilen 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň Aziýanyň merjeni hasaplanylmagy hem ýöne ýerden däldir. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi mynasybetli gözel paýtagtymyz sport jemgyýetçiliginiň we syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň mesgenine öwrüldi.