Abadan ýollar — bagtyýar iller

30 Aprel 2021
742

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýunyň bilelikde tutulmagy ýurdumyzyň ykdysady, medeni we beýleki ugurlardaky ýeten belent sepgitlerini dabaralandyrýar. Aziýanyň merjeni — paýtagtymyz Aşgabat şäherleriň seresi bolup, dünýä parahatçylygyň we ösüşiň ýalkymyny saçýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, myhmansöýer paýtagtymyzyň gözelligi täze binalaryň gurulmagy bilen barha artýar.

Hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk ýörelgeleri gurmak döredijiliginde mynasyp orun alyp, halkymyzyň eşretli durmuşyny has-da gözelleşdirýär. Baky Bitaraplyk ýörelgelerimizi bolsa çuň mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şeýle işler ata Watanymyzyň halkara derejesinde abraý-mertebesini hem barha belende göterýär.

Gurbanmyrat KAKAJIKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň maýory.