Aşgabat — halkara gatnaşyklaryň merkezi

30 Aprel 2021
923

Paýtagtymyz Aşgabat şäheri, onuň ak mermere beslenen gözel keşbi, binagärlik aýratynlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp we gaýtalanmajak eseridir.

Ýurdumyzyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda ýörite kada bilen berkidilýär we onda şeýle bellenýär: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir». Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýynyň kesgitlenmeginde 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Kanunda göz öňünde tutulan käbir ýagdaýlary nygtamak ýerliklidir. Agzalan Kanunyň 1-nji maddasyna görä, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezidir. Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasynda saklanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň beýanynyň asyl nusgasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Döwlet tugrasynyň etalonlarynyň ýerleşýän ýeri bolup durýar.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.