Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

30 Aprel 2021
824

Şanly senäniň ruhubelentligi

Bagtyýarlyk zamanamyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döredijilikli zähmet çekýän türkmen halky taryhy wakalaryň şaýady bolýar. Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlaryndan gözbaşly maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Şanly ýylymyzyň taryhy wakasy bolan Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuna görülýän taýýarlyk il-günümiziň kalbyna nur çaýyp, täze üstünliklere ruhlandyrýar.