Sungata siňen goşa buýsanç

30 Aprel 2021
734

Türkmen halky kämil zady, nepis zady görende hemişe: «Sungat eseri ýaly» diýýär. Türkmen ýigidiniň syrdaşy, wepadar dosty — ahalteke bedewlerimizde hem owadanlyk, güýç-kuwwat, edalylyk, ýyndamlyk, wepadarlyk, duýgurlyk ýaly aýratynlyklar jemlenen. Diýmek, halkymyzyň «sungat eseri» diýýän jümlesi kämilligiň nusgasy bolan türkmen bedewine hem degişli. Şol sebäpden-de gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik sungatymyzda bedew atlarymyza aýratyn orun berilýär.

Halkymyzyň döreden kämil gymmatlyklarynyň ýene-de biri türkmen alabaýlarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmäge, arassa tohumyny saklamaga, dünýädäki şan-şöhratyny beýgeltmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyzda itiň eýesine, töwerek daşyna hemişe ýagşy dileg edýändigi hakynda bir ynanç bar. Hut şu sebäpden bolsa gerek, halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär.

Ýörite habarçymyz.