Döwrümiziň taýlany hem toýlany

30 Aprel 2021
888

Halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren bu gymmatlyklarynyň häsiýetli aýratynlyklaryna nazar aýlanyňda türkmeniň dörediji halkdygyny, sungatyň hak aşygydygyny görmek bolýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde, tutumly başlangyçlarda, taryhyň gatlarynda baky galjak şanly wakalarda halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklary, milli ýörelgeleri özboluşly beýanyny tapýar. Muny ýaňy-ýakynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň dowamynda bolup geçen täsirli pursatlaryň mysalynda hem görmek bolýar.