Okyjy — gazet — okyjy

30 Aprel 2021
734

Altyn başyňyz aman bolsun!

Tebigat täsinlikleriniň naýbaşylarynyň biri-de ýaz pasly bolsa gerek. Çünki, ýaz — zeminiň zynaty. Haçan--da, ülkäme bahar gelse, tebigat täsin gülýaka meňzäp, soltan pasyl bolsa zergär mysaly zemini kümüş suwuna batyryp, altyn suwy berlen nepislige öwürýär goýaýýar. Şol pursat ol gözelligi wasp etmäge sözleriň şasy-da ejiz gelýän ýaly. Göwnüňe, gözüňi dokundurýan gözellikler öwgä mätäç däl ýaly bolýar, olary synlap, lezzet almak we guwanmagyň özi öwginiň ýerini tutjak kämillik bolsa gerek.