Ýaşyl gurşawly Aşgabat

30 Aprel 2021
822

Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýram edilýän gözel şäherimiziň ýaşyl lybasy egnine ymykly «atynmagy» üçin ýyllar gerek bolupdy. Şäheri baglaşdyrmak işi onuň esaslandyrylan günlerinden diýen ýaly başlanýar.

Aşgabat şäherimiz barada gürrüň açylanda, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen binalaryny gurşap oturan gür baglyklary, seýilgähleri göz öňüne gelýär. Dürli görnüşli baglaryň özboluşly sazlaşygy bir tarapy Garagum sähralygyna aralaşyp gidýän paýtagtymyza gelen islendik myhmany-da haýrana goýýar.

Serdar ALLEKOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygy.