"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Peýdaly maslahatlar

* Günüň dowamynda 4-5 wagtyna az-azdan iýiň. Iýjek bolýan ertirlik, günortanlyk, agşamlyk naharlaryňyzy öňünden meýilleşdiriň; * iýmitlenmäniň düzgünini doly we dogry berjaý ediň;

Sepgitde

Güýz paslynyň gelmegi, howanyň derejesiniň häli-şindi üýtgäp durmagy bilen, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy döreýär. Şonuň üçin pasla görä geýinmegiňizi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegiňizi, burnuň nemli bardasyna «oksolin» melhemini çalmagyňyzy, witaminlere baý gök önümleri köpräk iýmegiňizi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Saglyga peýdaly maslahatlar

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli, ylgamaly. Öýden çykylanda burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Jana şypaly şypahana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde halkymyzyň saglygyny dikeltmek, keselleriň öňüni almak babatda şypahana ulgamyna hem uly üns berilýär. Şunlukda, güneşli ülkämiziň gözel künjeklerinde döwrebap, ähli amatlyklary bolan şypahanalar halkyň hyzmatynda bolup, iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülýär. Gadymy hem nowjuwan Daşoguz topragynda ýerleşýän «Daşoguz» şypahanasy hem ajaýyp aýratynlyklary, amatlyklary bilen tapawutlanýan melhemli ýerleriň biri hasaplanylýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri, diňe welaýatymyzdan däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinden gelýän raýatlara hem göwnejaý, talabalaýyk hyzmat edýän «Daşoguz» şypahanasy dynç almak üçin iň arzyly mesgenleriň biri. Biz oňa bu ýerde dynç alýan raýatlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem anyk göz ýetirdik. Dogrudan-da, şypahanada köp sanly keselleriň öňüni almakda we bejermekde innowasion usullaryň birnäçesi ulanylýar. Mundan başga-da, bu ýerde tebigy bejergi serişdeleri — mollagara wulkan palçyklaryny hem-de deňiz duzlaryny, dermanlyk otlary giňden ulanmak ýola goýlupdyr. Bu ýerde tebigy bejeriş, ýagny ýod-bromly mineral suw 1250 metr töweregi çuňlukdan çogup çykýar. Bu suwuň gyzgynlygy 54 derejä barabardyr. Suwuň düzümi ýod-bromly, hlorid-natrili bolup, ol ynsan bedenine oňat täsir edýän brom, ýod, ftor, sink, gurşun, marganes, hrom we beýleki mikroelementlere örän baýdyr.

Ynsan saglygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yhlasly we öňdengörüjilikli zähmeti netijesinde, ýurdumyz beýik sepgitlere ýetýär we dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkidip, uly üstünlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Daşoguz şäherinde açylyp ulanmaga berlen 450 orunlyk köpugurly hassahana halkymyza ýokary derejede lukmançylyk hyzmatyny etmekde, raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda döwletimizde giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Hassahana 7 sany blokdan we 4 gatly binalar toplumyndan ybarat bolup, 450 orunlyk ýokary derejeli we köptaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenendir.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligine

Ýaş nesliň goragynda Ýurdumyzda döwlet derejesinde uly üns berilýän meseleleriň biri hem çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmekdir. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň çaganyň kadaly ösmegine, şol bir wagtda bolsa enäniň saglygyna oňat täsirini ýetirýändigi barada saglyk öýümizde hereket edýän ýaş eneleriň mekdebinde gelinleriň hamylalyk döwründe birnäçe okuw sapaklaryny geçirip, yzygiderli düşündirýäris.

Toýly günleriň saglyk serpaýy

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek babatynda anyk wezipeler goýuldy. Bu wezipeleri amal etmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň üstüne-de degişli borçlar ýüklenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň möhüm çözgütlere baý boljakdygyny bu gün uly ynam bilen aýdyp bileris. Edil gadymy pederlerimizde bolşy ýaly, ajaýyp döwrümizde hem uly toýlarymyza il-ýurt bähbitli geňeşler bilen girişmek asylly däbe öwrüldi. Şol geňeş ― Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleriniň geljegini kesgitleýän çözgütleri bilen ýüreklerde uly orny eýelär.

Görk — agyzdan

Jan saglygy ynsanyň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Şonuň üçin biziň her birimiz öz saglygymyzy goramak barada yzygiderli aladalanmalydyrys, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidiris. Şahsy durmuşynda şu hakykatdan ugur almaýan adamlaryň dürli dertlere, şol sanda, çiş kesellerine uçramagy mümkindir. Dişleri we agyz boşlugynyň nemli bardasyny sagdyn saklamak bilen, biz gyzylödekde, aşgazanda döreýän dowamly sowuklamalaryň ýüze çykmagynyň öňüni alýarys. Çilim çekmek, nas atmak, spirtli içgileri içmek, dişleriň näsazlyklary agyz boşlugynyň howply täze döremelerine getirip bilýär. Nasyň düzümindäki külüň we hekiň dokumalary zeperlemegi zerarly agyz boşlugynyň nemli bardasy zaýalanyp, dowamly sowuklamalar, ýaralar we çişiň öň ýanyndaky keseller döreýär. Aragyň düzümindäki spirtiň ýakyjy täsiri netijesinde hem agyz boşlugynyň nemli bardasynda dürli derejedäki sowuklamalar, dişleriň syrçasynyň zaýalanmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Diş keseliniň, ýagny, kariýesiň hem wagtynda öňüni almak gerek. Kariýes netijesinde dişler çüýreýär, diş töweregindäki dokumalar zaýalanýar, olarda dowamly sowuklamalar, ýaralar emele gelýär. Zaýalanan dişleriň uçlary dili dowamly ýaralap, howply çişleriň döremegine sebäp bolýar.

Lukmanyň maslahaty

KÄDI Kädiniň 90%-i suwdan ybarat, galan 10%-ini bolsa witaminler, minerallar, belok, ýag, uglewodlar, kletçatka, iýmit süýümleri düzýär. Kädi az kaloriýaly bakja önümine degişlidir, onuň l00 gramynda bary-ýogy 22 kilokaloriýa bar. Witaminlerden onda A, C, E, K, B witaminler toplumy, nikotin kislotasy, H witamini, karotin bar (karotin bolsa adam bedenine düşenden soň, A witamini emele gelýär). Kädide karotiniň mukdary käşiriňkiden 4-5 esse köpdür, şonuň üçin kädini yzygiderli köp mukdarda iýlende endamyň saralmagy, başgaça aýdylanda, “karotin saraltmasy” emele gelip biler, kädi iýmäňi goýaňda bolsa öz-özünden aýrylyp gidýär. Minerallardan kaliý, kalsiý, kremniý, natriý, magniý, kükürt, fosfor, hlor bar.

Abat dişler — sagdynlygyň girewi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hili ýylsaýyn ýokarlanýar. Ilatyň saglygyny goramakda beýleki ugurlar bilen birlikde, ilata stomatologiýa hyzmatyny etmekde-de degerli işler geçirilýär. Abat dişler adamyň sagdynlygynyň girewidir. Sebäbi, iýilýän naharyň kemsiz çeýnelmegi bedeniň dürli agzalarynyň kadaly işlemegine ýardam edýär. Duş gelýän diş keselleri uzagyndan diş hatarlarynyň gyşarmagyna, dişiň daşyny gurşaýan etiň gowşamagyna getirip bilýär. Adamyň bedeniniň immunitetiniň sähel gowşan halatynda bolsa, agyz boşlugynda has düýpli oňaýsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ahmaldyr. Dişleriň sagdyn bolmagyna gündelik iýilýän iýmitiň ýetirýän täsiri uludyr. Dişleriň sagdyn bolmagyna peýdaly iýmitiň esasyny süýt, gatyk, dorog, ýogurt, peýnir ýaly, süýt önümleri düzýär. Çagalaryň dişleriniň sagdyn bolmagyny gazanmak ata-enäniň borjudyr. Olary dişleri bilen şänik, hoz ýaly, juda gaty zatlary döwmek endiginden goramaga çalyşmaly. Çünki, dişleri çagalykdan goramak onuň uly ýaşlarda-da dişagyrydan kösenmezligine, sagdyn bolmagyna ýardam edýär. Dişiňi gije-gündiziň dowamynda azyndan iki gezek ýuwup, arassalamak maslahat berilýär. Birinjiden-ä, ir ertir, ikinjidenem, agşam ýatylmazdan öň dişleriňi ýuwup, arassalamak zerurdyr.

Sport. Sport. Sport.

ÜSTÜNLIK HEMRAŇ BOLSUN, PENA! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözel Diýarymyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup, olarda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp binalarda sportuň görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşýän ýaş türgenleriň sanynyň barha artýandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar. Sportuň şaşka görnüşi bilen içgin gyzyklanyp, küşt oýnuny hem öwrenip, erkin oýnamagy arzuw edýän ýaş türgenleriň biri-de Pena Batyrowdyr.

Saglyk

SAGDYN IÝMITLENMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY Günüň dowamynda az-azdan birnäçe gezek iýip-içmeli. Yssy howada der bilen bedenden witaminler we minerallar köp mukdarda bölünip çykýar. Bu bolsa özümizi agyr duýmagymyza, ysgynsyz bolmagymyza getirýär. Şonuň üçin hem günüň dowamynda ter gök önümleri, miwedir ir-iýmişleri yzygiderli iýmeli. Bedenimiziň suw üpjünçiliginiň deňagramlylygyny saklamak üçin ýeterlik mukdarda agyz suwuny içmeli.

Bedeniňi taplap durmaly

Lukman maslahat berýär Güýz paslynyň gelmegi bilen, käbir möwsümleýin keselleriň ýaýramak mümkinçiligi artýar. Şol sebäpli keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirmeli. Munuň üçin pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar. Onuň iň netijeli usuly bedeniňi taplamakdyr.

Limonyň peýdasy

Limon adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de ol bakteriýalara garşy göreşmekde taýsyz serişdedir. Limony ary balyna garyp iýmek üsgülewügiň bire-bir emidir.

Hereket — saglygyň sakasy

Hereket sagdynlygyň gözbaşy hasaplanylýar. Saglyk — bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — ýaşaýyş. Ýaşaýşy bolsa, hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan hereketde bolmaly. Hereketiň adam bedenini taplamakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr. Adam bedeni üçin fiziki maşklaryň peýdasy uludyr. Ýaşaýşyň gözelligi, asudalygy, bagtyýarlygy saglykdyr. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek bilen, onuň işjeňligini artdyrýar.

Sagdynlygyň gönezligi

Ruhy we beden saglygy bagtly ýaşaýşyň gönezligi hasaplanýar. Lukman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, sporty ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň raýatlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly bolmaklarynda uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň we meýdançalaryň hereket etmegi ildeşlerimiziň sport bilen meşgullanmagyna, türgenleşmegine giň mümkinçilikleri açýar. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde raýatlarymyz döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, abraýly orunlary eýeläp gelýärler. Saglygy goraýyş işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler, dürli sport ýaryşlaryna, sagaldyş ähmiýetli çärelere agzybirlikde hem-de ruhubelentlikde gatnaşýarlar, netijeli çykyş edýärler. Raýatlarymyzyň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Ysmanak

Dogry iýmitlenmegiň kadalaryna eýerýänleriň ysmanaga aýratyn isleg bilen garamaklary ýöne ýere däl. Bu peýdaly ot datly tagamy we witaminlere baý düzümi bilen dünýä aşhanasynda arzyly orna eýedir. Ol çigligine-de, bişirilibem iýilýär. Taryhy maglumatlara görä, ysmanak ilkibaşda Eýranda ösdürilip ýetişdirilipdir. Ýewropa ýurtlarynda ol XIII asyrda peýda bolupdyr. Günbatar ýurtlarynyň aşhanasynda ysmanagyň arzyly hörek bolmagyna «Deňizçi Papaý» multfilminiň täsiri uludyr. ABŞ-nyň Tehas ştatynda ysmanagyň peýdasyna üns çeken bu gahrymanyň hormatyna ýadygärlik hem bar. Multfilmde Papaýyň ysmanagy iýip egsilmez güýje eýe bolmagy ulaltma bolsa-da, bu belli bir derejede, hakykatdan daş hem däl. Bu gök ot peýdaly witaminlere örän baýdyr. Ir wagtlar suratkeşler ysmanagyň ýapragyny owradyp, ony ýaşyl reňk almak üçin hem peýdalanypdyrlar.

Baş baýlygyň goragynda

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň durmuş taýdan dolandyryş edarasyna degişli «Şatlyk» keselleriň öňüni alyş şypahanasy indi ençeme ýyllardan bäri il-halkymyza ýokary medeniýetli hyzmat edip, bagtyýar raýatlarymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşýar. Bir tapgyrda 104 adamy kabul edýän bu şypahanada her ýylda özüniň manyly ömründe netijeli zähmet çekip, hormatly dynç alşa çykan ýaşuly nesliň wekilleriniň, zähmet rugsadyndaky dürli kärdäki raýatlaryň müňlerçesi dynç alýar hem saglygyny pugtalandyrýar.

Türkmeniň ilki hezzeti...

Çaý adam saglygyna peýdaly içgileriň biri bolup, onuň Ýer ýüzünde onlarça görnüşi duş gelýär. Özboluşly tagama hem-de peýdaly häsiýetlere eýe bolan çaý içgisinde adam bedenini goraýan maddalar deri, aşgazan, öýken keselleriniň öňüni alýar. Şeýle-de lukmanlaryň aýtmagyna görä, ýygy-ýygydan içilen şekersiz gara çaý düwnük keseliniň döremek howpuny azaldýar. Mundan başga-da, nerw ulgamyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Çaýyň gara we gök görnüşleri bolup, olaryň käbir görnüşlerinde gan basyşyny peseldýän we immuniteti güýçlendirýän P witaminiň köp mukdary saklanýar. Olara bal ýa-da miwelerden taýýarlanylan mürepbeler goşulyp içilende, adam bedeniniň möwsümleýin kesellere bolan göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Şol bir wagtyň özünde-de çaý iýmit siňdirişi gowulandyrýar, adam bedenindäki zäherli maddalaryň çykmagyna kömek edýär we deriniň garramagynyň öňüni alýar.

Saglyk — baş baýlyk

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Daşarda gezelenç etmek üçin ir sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, öýlän sagat 18:00-dan 20:00-a çenli wagt maslahat berilýär.