Toýly günleriň saglyk serpaýy

30 Awgust 2023
375

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek babatynda anyk wezipeler goýuldy. Bu wezipeleri amal etmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň üstüne-de degişli borçlar ýüklenildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň möhüm çözgütlere baý boljakdygyny bu gün uly ynam bilen aýdyp bileris. Edil gadymy pederlerimizde bolşy ýaly, ajaýyp döwrümizde hem uly toýlarymyza il-ýurt bähbitli geňeşler bilen girişmek asylly däbe öwrüldi. Şol geňeş ― Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleriniň geljegini kesgitleýän çözgütleri bilen ýüreklerde uly orny eýelär.

Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.