Sport. Sport. Sport.

30 Awgust 2023
444

ÜSTÜNLIK HEMRAŇ BOLSUN, PENA!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözel Diýarymyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup, olarda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp binalarda sportuň görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşýän ýaş türgenleriň sanynyň barha artýandygy biziň hemmämizi buýsandyrýar. Sportuň şaşka görnüşi bilen içgin gyzyklanyp, küşt oýnuny hem öwrenip, erkin oýnamagy arzuw edýän ýaş türgenleriň biri-de Pena Batyrowdyr.