Saglyk

30 Awgust 2023
344

SAGDYN IÝMITLENMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

Günüň dowamynda az-azdan birnäçe gezek iýip-içmeli. Yssy howada der bilen bedenden witaminler we minerallar köp mukdarda bölünip çykýar. Bu bolsa özümizi agyr duýmagymyza, ysgynsyz bolmagymyza getirýär. Şonuň üçin hem günüň dowamynda ter gök önümleri, miwedir ir-iýmişleri yzygiderli iýmeli. Bedenimiziň suw üpjünçiliginiň deňagramlylygyny saklamak üçin ýeterlik mukdarda agyz suwuny içmeli.