Sagdynlygyň gönezligi

29 Awgust 2023
421

Ruhy we beden saglygy bagtly ýaşaýşyň gönezligi hasaplanýar. Lukman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, sporty ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň raýatlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly bolmaklarynda uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň we meýdançalaryň hereket etmegi ildeşlerimiziň sport bilen meşgullanmagyna, türgenleşmegine giň mümkinçilikleri açýar. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde raýatlarymyz döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, abraýly orunlary eýeläp gelýärler.

Saglygy goraýyş işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler, dürli sport ýaryşlaryna, sagaldyş ähmiýetli çärelere agzybirlikde hem-de ruhubelentlikde gatnaşýarlar, netijeli çykyş edýärler. Raýatlarymyzyň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Jeren GURBANÝAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy merkeziniň lukmany.