Türkmeniň ilki hezzeti...

27 Awgust 2023
374

Çaý adam saglygyna peýdaly içgileriň biri bolup, onuň Ýer ýüzünde onlarça görnüşi duş gelýär. Özboluşly tagama hem-de peýdaly häsiýetlere eýe bolan çaý içgisinde adam bedenini goraýan maddalar deri, aşgazan, öýken keselleriniň öňüni alýar. Şeýle-de lukmanlaryň aýtmagyna görä, ýygy-ýygydan içilen şekersiz gara çaý düwnük keseliniň döremek howpuny azaldýar.

Mundan başga-da, nerw ulgamyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Çaýyň gara we gök görnüşleri bolup, olaryň käbir görnüşlerinde gan basyşyny peseldýän we immuniteti güýçlendirýän P witaminiň köp mukdary saklanýar. Olara bal ýa-da miwelerden taýýarlanylan mürepbeler goşulyp içilende, adam bedeniniň möwsümleýin kesellere bolan göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Şol bir wagtyň özünde-de çaý iýmit siňdirişi gowulandyrýar, adam bedenindäki zäherli maddalaryň çykmagyna kömek edýär we deriniň garramagynyň öňüni alýar.

Güljahan MÄMETIÝEWA,
Ruhubelent etrap hassahanasynyň şepagat uýasy, TDP-niň işjeň agzasy.