''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ylym üçin serhet ýokdur

Adamzat jemgyýeti döräli bäri şu günki güne çenli ähli zatlar kämillige tarap ösýär. Her bir zadyň özgerip ösmegi bolsa ylym bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Ylym älemine ynsan durmuşyna ýagtylyk berýän röwşen çyrag diýsek hem ýalňyşmasak gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň soňky gazananlaryny nebitgaz pudagyna, oba hojalygyna, lukmançylyga we beýleki ugurlara ornaşdyrmak, hususan-da, ylmyň öz ösüşi üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselesine öwrüldi. Dünýä ylmynyň gazananlaryny döwletimizde ornaşdyrmak üçin daşary ýurtlar bilen ylmy-tehniki gatnaşyklary alyp barmak, öz işinden kämil baş çykarýan ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde her ýylda dürli ugurlar boýunça geçirilmesi däbe öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatlarda daşary döwletleriň alymlary bilen bir hatarda ylym bilen meşgullanýan ildeşlerimiz özleriniň gazanan üstünliklerini äşgär edip, özara pikir alyşýarlar.

Ý.kakaýew adyndaky HNGU-da suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy

Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25 — 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi. Onuň belleýşi ýaly, wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasynda suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, tejribe desgasyny ulanmak boýunça usuly gollanma taýýarlanylýar.

MYRAT TAPAN YHLAS

Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran oba hojalyk özgertmeleri oňyn miwesini hem berýär. Türkmen oba-hojalykçylary özleri üçin edilýän çäksiz yhlasyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýer bilen işlemekde tejribesini artdyryp, ýylyň ýylyna ekinleriň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýarlar. Pudagyň ylmyň güýji bilen kämilleşdirilmegi bolsa netijeliligi ýokarlandyrýar. Ekiniňki dökün bilen. Dökün näçe gowy bolsa, hasyl hem şonça kän, ýerem şonça gurply bolýar. Oba hojalykçylar azot, fosfor we kükürt garyşdyrylan döküniň  has ýokary hasyl  berýändigini bilýändirler. Ylmy dilde şeýle dökünler «NPS dökünleri» diýlip atlandyrylýar. Ynha, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy inženeri Enejan Kulyýewa döküniň şeýle görnüşini ýerli şertlerde öndürmek boýunça ylmy gözleglerini geçirip, olardan oňyn netije hem aldy. Ýaş alym bu işi bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijisi hem boldy.

ÝUNESKO kafedrasy: rowaçly ýoldaky ilkinji ädimler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy bilim ulgamyndaky uly özgerişlikleriň biri boldy. Şolaryň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hereket edýär. «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO» kafedrasy döredilenine kän wagt geçmedik hem bolsa, netijeli işleri bilen eýýäm geljeginiň has parlak boljakdygyny buşlaýar. Hünärleriň 16-sy boýunça 5 müňe golaý talyba bilim berýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO» kafedrasynda ylmy gözlegler bilen professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň hem uly toplumy meşgullanýar. Kafedrada hereket edýän ekologik geňeşiň jemi 42 agzasy bolup, olaryň ikisi professorlyk derejesine ýeten halypalardyr. Has takygy, geňeşiň agzalarynyň arasynda bu kafedranyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň doktory Röwşen Genjiýew bilen filologiýa ylymlarynyň doktory Narbibiş Şamaýewa hem bar. Şeýle-de bu geňeş ylymlaryň kandidatlarynyň sekizisini, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, magistrantlaryň we talyplaryň birnäçesini özünde jemleýär.

Watany söýmegiň kämil nusgasy

Watan hakyndaky söhbetler, aýdymlardyr şygyrlar — ýürege has ýakyn hem-de eziz. Çünki biziň durmuşymyz Watanyň gujagynda başlanýar, ykbalymyz, geljegimiz Watan bilen bagly bolýar. ªonuň üçin her bir adamyň şahsy mertebesi onuň Watanyna bolan päk düşünjesi, söýgüsi, hormaty bilen kesgitlenilýär. Watany söýmegiň, il-güne wepaly hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri watançylyk duýgusyna ýugrulan parasatly jümleleri, kämil pikirleri, çuň mazmunly tymsallary özünde jemleýän gymmatly gollanmadyr. Kitapda: «Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýagşy amallary etmekde, halal zähmet çekmekde ata-babalarymyzyň görelde mekdebine eýermäge çagyrýar. Gündogar akyldarlarynyň: «Bagtly bolmak üçin Watany söýmek ýeterlikdir» diýen sözlerini mysal getirmek bilen, bagt hakyndaky garaýyşlarymyzy çuňlaşdyrýar, düşünjelerimizi kämilleşdirýär. Biziň söýýän ynsanlarymyz, ýakynlarymyz şu Watanyň goýnunda ýaşaýar, biz şu

Ruhy baýlygymyz

Ajaýyp zamanamyzda medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, baýlaşdyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny halkara derejede wagyz etmek meselelerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar. Munuň şeýledigini bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň, ýetilen belent sepgitleriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu kitaphana ulgamynda hem şeýledir. Eziz Diýarymyzda medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa barha artýar. Halkymyzyň, aýratynam ösüp gelýän ýaş nesilleriň gözýetimini giňeltmek, ýaşlaryň bilim derejesini dünýä ülňülerine çykarmak üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň kitap hazynasy gitdigiçe baýlaşýar. Häzirki wagtda kitap tekjelerimiziň bezegine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri many-mazmun taýdan hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Mähriban Arkadagymyzyň egsilmez ylham joşgunyndan döreýän eserleri Watanymyzyň belent ösüşlerini, halkymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini, ata--babalarymyzdan dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy giňden wagyz edýän nusgalyk şamçyragymyzdyr, gymmatly gollanmamyzdyr. ªonuň üçinem biz — kitaphana işgärleri kitap sergisini yzygiderli gurap durýarys. Jemgyýetçilik guramalary, bilim, saglyk ulgamlary bilen bilelikde guraý

Ruhy dünýämiziň genji-hazynasy

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeniýet ulgamynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu kitaphana ulgamynda hem şeýledir. Ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde kitap okamak usuly döwrebap derejede kämilleşdirildi. Şunlukda, indi kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde has-da elýeterli boldy. Bu bolsa kompýuterleriň, ykjam telefonlaryň kömegi bilen dünýä belli kitaphanalara aralaşmak hem-de gerek bolan neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligini döretdi. Bu işleriň ýola goýulmagy maglumatlary toplamak, kitaphana gelýän okyjylara wagyz etmek işlerinde gymmatly serişde bolup durýar.  Ynsanyň ruhy dünýäsiniň genji-hazynasy kitapdyr. Kitap içi maglumatlardan doly bilim sandygy bolsa, kitaphana — şol bilim sandygynyň we pähim-paýhaslaryň  jemlenýän ýeri. Kitaphana işgärleriniň esasy maksady bolsa, okyjylara gowy hyzmat etmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak bolup durýar. Biz hem kitaphanamyza täze okyjylary çekmek, olarda kitaba bolan söýgini döretmek, elektron kitaplar barada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini alyp barmak, kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen dürli mazmunly medeni-köpçülik çärelerini, duşuşyklary, kitap sergilerini, gö

Ýaşlar ýurduň geljegidir

Älemiň çyragy kitap

Şeýle at bilen welaýat kitaphanasy bilen bilelikde geçiren bäsleşigimize Balkanabat bagçylyk müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan düzülen soraglara jogap bermekde, «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky nakyllaryň dowamyny ýazmakda, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde «Gül Diýar» topary birinji, «Ussat» topary ikinji, «Gözellik» topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Nebitgazyň we onuň känleriniň emele gelmeginiň nazaryýet esaslary

Tebigy baýlyk bolan nebitgaz adamzadyň durmuşynda, onuň taryhynda strategiki ähmiýete eýe bolmak bilen, senagatyň we döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşine öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin bu pudagy ösdürmegiň esasy bolan nebitgazly täze känleri gözläp tapmak, senagat gor binýadynyň artdyrylmagynyň üpjün edilmegi, ilkinji nobatda, onuň emele gelmeginiň ylmy-amaly nazaryýetine esaslanýar. Şonuň üçin nebitgazyň we onuň känleriniň emele gelmegi hem-de ýer jümmüşinde kanunalaýyk ýaýraýşyny öwrenmegiň diňe bir nazaryýet taýdan däl, eýsem, amaly-tejribe taýdan hem ähmiýeti uludyr. Şeýle bolansoň, bu mesele uzak ýyllaryň dowamynda alymlary gyzyklandyryp gelipdir. Olar degişli çözgüdiň tapylmagy ugrunda örän köp ylmy-amaly, tejribe işlerini geçiripdirler. Garalýan mesele bolan ýer jümmüşindäki ýaýran uglewodorod (UW) känleriniň emele gelmegi çylşyrymly meseleleriň hataryna degişli bolup, onuň çözgütleri, birinji nobatda, ýeriň gurluşyny öwrenýän umumy geologiýa ylmyna, oňa degişli ugurlara, ýagny stratigrafiýa, paleontologiýa, litologiýa, tektonika, geofizika, gidrogeologiýa, geohimiýa we başga ugurlara esaslanýar.

Halkara ýaşlar forumy geçirildi

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça halkara ýaşlar forumy (LCOY-2023) geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ýaşlar forumy üç tapgyrdan ybarat boldy. Birinji tapgyra gatnaşanlar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýerli, sebit we halkara derejesindäki alyp barýan işleri, Aral deňziniň durnuklylygyny saklamak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ekologik bilimlerini kämilleşdirmek hakynda birnäçe ylmy we usuly maglumatlary berdiler.

Halkara ylmy maslahat: täze bejeriş usullary üns merkezinde

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy-maslahatyň çäginde saglygy goraýyş ulgamyndaky dünýä tejribesine esaslanan halkara duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Halkara çärelere Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystandan, Özbegistan Respublikasyndan, Türkiýe döwletinden, Hindistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Azerbaýjandan gelen lukmanlar, professorlar, ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, alymlary gatnaşdylar. Ylmy maslahat degişli temalar boýunça bölümçelere bölünip, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, Arkadag şäheriniň saglyk öýünde we köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezinde, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen ylmy maslahatlarda lukmançylyk ugrundan täze ylmy açyşlar, dürli keselleriň bejergisindäki iň kämil döwrebap usullar hem-de olary hünärmenleriň iş tejribesine ornaşdyrmagyň ugur-ýollary hem-de häzirki zaman lukmançylygynyň beýleki derw

Ýaş alymlaryň täze gadamlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan degişli tertipde nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika ugurlary boýunça ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşik yglan edilipdi. Hormatly Prezidentimiziň zehinli ýaşlaryň başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we olary höweslendirmek, ylym-bilim babatda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli guralan bäsleşik iki tapgyrda, sanly ulgam arkaly guramaçylykly geçirildi. Halkara bäsleşige ýurdumyzdan we Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gruziýa, Hytaý, Malaýziýa, Özbegistan, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Wýetnam ýaly döwletlerden ýaş alymlar, inženerler, tehnologlardyr hünärmenler tarapyndan ylmy-barlag işleriniň, taslamalaryň jemi 279-sy, ýagny daşary ýurtlardan 108-si, ýurdumyzdan 171-si gelip gowuşdy. Hödürlenen taslamalar halkara derejeli hünärmenlerden ybarat eminler topary tarapyndan tehnologik we innowasion çözgütleriniň täzeçilligi, wajyplygy, amaly gy

Ylymlar dünýäsinde

Düýn Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde «Ýaşlaryň başlangyçlary: innowasion ykdysady ösüşlere badalga» atly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guran bu çäresinde ýaş alymlaryň çykyşlary özleriniň taýýarlan ylmy açyşlara esas boljak teklipleri bilen bagly boldy.

Kitaphanaçylaryň hünär bäsleşigi

Welaýat kitaphanasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek maksady bilen, «Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» ady bilen hünär bäsleşigi geçirildi. Ol ýedi şertden ybarat bolup, öňdebaryjy hünärmenler iş tejribeleri, habar beriş çeşmeleriniň peýdalanylyşynyň ýollary boýunça ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Gyzykly geçen hünär bäsleşiginde Türkmenbaşy şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülşat Ataýewa ýeňiji boldy. Bäsleşige gatnaşan kitaphanaçylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Ý.Kakaýew adyndaky HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar. Foruma milli we halkara energetika uniwersitetleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri girdi.

Ibn Sina

«Keseli däl-de, hassany bejermeli», «Tebigat saglyga goldaw berýär, lukman bolsa bejerýär», «Keseli bejerenden onuň öňüni alanyň aňsat», «Şahyr — diliň emiri, lukman — bedeniň hökümdary» ýaly paýhas dürdäneleriniň eýesi, ylmy dünýäde Awisenna ady bilen belli bolan Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň golaýynda ýerleşen Afşina obasynda dünýä inýär. Geljekki lukman, fizik, filosof, matematik, astronom, alhimik, sazanda... Ibn Sina alty ýaşyndaka maşgalasy Buhara göçüp barýar. Ol on ýaşynda eýýäm Gurhany ýatdan bilipdir, arap, pars dilleriniň grammatikasyny, stilistikasyny, logikany, hukugy, lukmançylyk ylmyny, filosofiýany ürç edip okapdyr.

Ylym mekdepden başlanýar

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky ýeňijileriniň bäşisiniň mekdep okuwçylary bolmagy örän guwandyryjy ýagdaý. Dogry, häzir olaryň dördüsi uçurym boldular, ýöne ylmy gözleglerini hut ak mekdepde geçirip ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasyndaky iň abraýly bäsleşikleriň biriniň ýeňijileri boldular. Bäş ýeňijiniň biri bolsa heniz hem orta mekdebiň okuwçysy. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy bilen başlanan täze okuw ýylynyň ilkinji aýyndaky sanymyzda bäsleşigiň şu ýylky iň körpe ýeňijileriniň ylmy gözleglerine we olaryň gazanan netijelerine ünsüňizi çekmek isledik. Zeýkeş suwlaryny ýaramly suwa öwren gyz

Ylym-bilim binýadymyz barha pugtalanýar

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli bilim syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim, medeni kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilimiň binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan depginli işler esasy orun eýeleýär. Ylym-bilimi berkitmek, dünýä derejesine çykarmak we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatyndaky ajaýyp işler jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär we aýdyň ertirlere kuww

Ylym-bilim — geljege şamçyrag (Döwür we ýaşlar)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýän Milli Liderimiziň ýaşlar hakdaky aladalary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar.