Ruhy baýlygymyz

1 Noýabr 2023
829

Ajaýyp zamanamyzda medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, baýlaşdyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny halkara derejede wagyz etmek meselelerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar. Munuň şeýledigini bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň, ýetilen belent sepgitleriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu kitaphana ulgamynda hem şeýledir. Eziz Diýarymyzda medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa barha artýar. Halkymyzyň, aýratynam ösüp gelýän ýaş nesilleriň gözýetimini giňeltmek, ýaşlaryň bilim derejesini dünýä ülňülerine çykarmak üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň kitap hazynasy gitdigiçe baýlaşýar.

Häzirki wagtda kitap tekjelerimiziň bezegine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri many-mazmun taýdan hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Mähriban Arkadagymyzyň egsilmez ylham joşgunyndan döreýän eserleri Watanymyzyň belent ösüşlerini, halkymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini, ata--babalarymyzdan dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy giňden wagyz edýän nusgalyk şamçyragymyzdyr, gymmatly gollanmamyzdyr. ªonuň üçinem biz — kitaphana işgärleri kitap sergisini yzygiderli gurap durýarys. Jemgyýetçilik guramalary, bilim, saglyk ulgamlary bilen bilelikde guraýan sergilerimizde, çärelerimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň her biri hakynda aýratyn durup geçýäris, mekdep okuwçylaryna terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokary bolan kitaplaryň baý many-mazmunyny düşündirýäris.

Täzegül Rzakowa,
Balkanabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar