Ruhy dünýämiziň genji-hazynasy

1 Noýabr 2023
795

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeniýet ulgamynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu kitaphana ulgamynda hem şeýledir. Ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde kitap okamak usuly döwrebap derejede kämilleşdirildi. Şunlukda, indi kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde has-da elýeterli boldy. Bu bolsa kompýuterleriň, ykjam telefonlaryň kömegi bilen dünýä belli kitaphanalara aralaşmak hem-de gerek bolan neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligini döretdi. Bu işleriň ýola goýulmagy maglumatlary toplamak, kitaphana gelýän okyjylara wagyz etmek işlerinde gymmatly serişde bolup durýar. 

Ynsanyň ruhy dünýäsiniň genji-hazynasy kitapdyr. Kitap içi maglumatlardan doly bilim sandygy bolsa, kitaphana — şol bilim sandygynyň we pähim-paýhaslaryň  jemlenýän ýeri. Kitaphana işgärleriniň esasy maksady bolsa, okyjylara gowy hyzmat etmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak bolup durýar. Biz hem kitaphanamyza täze okyjylary çekmek, olarda kitaba bolan söýgini döretmek, elektron kitaplar barada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini alyp barmak, kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen dürli mazmunly medeni-köpçülik çärelerini, duşuşyklary, kitap sergilerini, göçme kitaphana hyzmatlaryny, täze gelýän kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirip durýarys. Bu bolsa kitaphana gelýän we onuň hyzmatyndan peýdalanýan okyjylaryň sanyny artdyrýar.

Meretgül Baýramowa,
Balkanabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň 1-nji kitaphana şahamçasynyň müdiri.
Beýleki habarlar