Watany söýmegiň kämil nusgasy

1 Noýabr 2023
878

Watan hakyndaky söhbetler, aýdymlardyr şygyrlar — ýürege has ýakyn hem-de eziz. Çünki biziň durmuşymyz Watanyň gujagynda başlanýar, ykbalymyz, geljegimiz Watan bilen bagly bolýar. ªonuň üçin her bir adamyň şahsy mertebesi onuň Watanyna bolan päk düşünjesi, söýgüsi, hormaty bilen kesgitlenilýär. Watany söýmegiň, il-güne wepaly hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri watançylyk duýgusyna ýugrulan parasatly jümleleri, kämil pikirleri, çuň mazmunly tymsallary özünde jemleýän gymmatly gollanmadyr. Kitapda: «Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýagşy amallary etmekde, halal zähmet çekmekde ata-babalarymyzyň görelde mekdebine eýermäge çagyrýar. Gündogar akyldarlarynyň: «Bagtly bolmak üçin Watany söýmek ýeterlikdir» diýen sözlerini mysal getirmek bilen, bagt hakyndaky garaýyşlarymyzy çuňlaşdyrýar, düşünjelerimizi kämilleşdirýär. Biziň söýýän ynsanlarymyz, ýakynlarymyz şu Watanyň goýnunda ýaşaýar, biz şu toprakda zähmet çekip, rehnedini görýäris, şu günümiz we geljegimiz bilen bagly amallarymyzy, arzuwlarymyzy şu Watan bilen baglanyşdyrýarys. Berkarar döwletimizde jemgyýetiň, il-halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan döwletli işler biziň kalbymyzda täze maksatlary oýarýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly» diýen ganatly setirleri ynsan ömrüniň manysynyň, ykbalynyň gözelliginiň şertlerini açyp görkezýär. Adamzat ýaşaýşynda ýeke gezek berilýän ömür menziliňi gülzarlyga beslemek, adyňy ebedileşdirmek üçin Watanyň, il-halkyň bilen bir syna bolup, ähmiýetli işleri amala aşyrmaga çagyrýar. Bu gymmatly kitap biziň ruhy dünýämizi nurlandyrýar, kalbymyza gözellik çaýýar, geljek hakyndaky arzuwlarymyzy ganatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna gymmatly gollanma, geljekki türkmen nesillerine edebi miras boljak ajaýyp eserleri bilen halkymyzy begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan, ýiti paýhasyndan kemala gelýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Wezirgeldi Aşyrow,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar