ÝUNESKO kafedrasy: rowaçly ýoldaky ilkinji ädimler

1 Noýabr 2023
870

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy bilim ulgamyndaky uly özgerişlikleriň biri boldy. Şolaryň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hereket edýär. «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO» kafedrasy döredilenine kän wagt geçmedik hem bolsa, netijeli işleri bilen eýýäm geljeginiň has parlak boljakdygyny buşlaýar.

Hünärleriň 16-sy boýunça 5 müňe golaý talyba bilim berýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO» kafedrasynda ylmy gözlegler bilen professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň hem uly toplumy meşgullanýar. Kafedrada hereket edýän ekologik geňeşiň jemi 42 agzasy bolup, olaryň ikisi professorlyk derejesine ýeten halypalardyr. Has takygy, geňeşiň agzalarynyň arasynda bu kafedranyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň doktory Röwşen Genjiýew bilen filologiýa ylymlarynyň doktory Narbibiş Şamaýewa hem bar. Şeýle-de bu geňeş ylymlaryň kandidatlarynyň sekizisini, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, magistrantlaryň we talyplaryň birnäçesini özünde jemleýär.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar