Halkara ýaşlar forumy geçirildi

20 Oktýabr 2023
972

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça halkara ýaşlar forumy (LCOY-2023) geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ýaşlar forumy üç tapgyrdan ybarat boldy. Birinji tapgyra gatnaşanlar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýerli, sebit we halkara derejesindäki alyp barýan işleri, Aral deňziniň durnuklylygyny saklamak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ekologik bilimlerini kämilleşdirmek hakynda birnäçe ylmy we usuly maglumatlary berdiler.

Ogulşat HUDAÝBERENOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.
Beýleki habarlar