''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Wepadarlygyň nusgasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. 20-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda iki ugur boýunça çempion bolandygy baradaky hoş habary ýetirip, ähli halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar milli mirasymyzyň, gymmatlyklarymyzyň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzda alabaýlara aýratyn uly üns berilýändiginiň alamatydyr.

«Bossany» nagşy

Türkmen zenanlarynyň döreden el hünärleriniň taryhy gözbaşlaryny yzlasaň, gadymyýetiň jümmüşine aralaşýarsyň. Haly-palaslaryň, nagyş-keşdeleriň döreýşi hakynda halkyň hakydasyna ornan rowaýatlar hem munuň şeýledigine güwä geçýär. Palasyň gelip çykyşy barada şeýleräk rowaýat halk arasynda saklanyp galypdyr. Gadym zamanlarda bir obanyň üstüne ýagy dökülip, bir ýaş ýigidi ýesir edip äkidipdirler. Şonda ýigidiň juwan gelni kalbyndaky gaýgy-gamy egismek üçin dokma ýüwürdýär. Ol: Ak topragy kakaýyn,Syrym saňa dökeýin,Älem içre guwanjym,Goçak başy dik bolsun! —

«Atyma - nowa, özüme - hyrka»

Pygamber ýaşyny birwagt yzda goýan, kümüş saçly ene bazarda çäkmenlik mata satyp duran gelniň inli matalaryny hyrydarlyk bilen synlady. Soňam top matalaryň biriniň-ikisiniň gyrasyny süýem hem-de başam barmaklarynyň arasyna salyp, barlap gördi. Elde dokalan çäkmenlik matalaryň käbirinde goýberilen säwliklerem nazaryndan sypmady. Ýöne kelam agyz gürlemedi. Yzyna öwrülenem şoldy welin, pete-pet gelen gelinleriň biri: — Abadan gelneje, salamälik! Gowy sataşdyň. Obaňyza ýöriteläp gitmäge aýagym ýetmän ýördi. Kakamyň akgoýun toýunda çäkmen ýapaýyn diýýän. Maňa çäkmenlik matanyň gowusyndan birini saýlap beräýiň!

Ene kesbine eýeren

Sarygamyş kölüniň golaýyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna degişli Bötendag çarwa obasynda haly dokap, keşde çekýän, keçe basyp, çäkmen dokaýan eli çeper gelin-gyzlar barmak büküp sanardan köp. Çarwa gelin-gyzlary diňe bir düýe, goýun-geçi sagyp, gor tutmak, ýanlyk ýaýmak bilen çäklenmän, gadymdan gelýän milli senetlerimizi hem mynasyp dowam etdirýärler. Nesibesi çarwa obasyna çeken Täjigül Gurbanowa gelindir gyzlary bilen el işleriniň ähli görnüşlerinden baş çykarýar. Ylaýta-da, ol çarwa gelin-gyzlarynyň arasynda özüniň taýýarlaýan owadan keçeleri bilen tanalýar. Dogrusy, çarwa gelin-gyzlarynyň köpüsi keçe basmakda ony özleriniň halypasy hasaplaýarlar.

Milli gymmatlyklarymyza buýsanç

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň täze taryhy döwrümiziň şöhratly ýyllarynyň birine öwrüljekdigine bolan ynam ýüregimizi heýjana getirip, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Şanly ýylyň ilkinji aýynyň buýsançly wakalaryna nazar aýlanymyzda buýsanjymyz has-da goşalanýar. Ýatda galyjy, şatlykly wakalaryň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki täze athana toplumyna baryp, behişdi bedew bilen didarlaşyp gezelenç etmegidir, şeýle-de Akdost atly türkmen alabaýynyň Kazan şäherinde geçirilen ýaryşda «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesinde iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky buýsançly habary aýtmagydyr. Bu şatlykly habar ulus-ilimizi begendirdi, tolgundyrdy, her birimiz üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Munuň özi milli buýsanjymyza öwrülen alabaý itlerimiziň bu gün dünýä halklarynyň nazaryny özüne gönükdirýändiginiň güwäsidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynyň şol taryhy gününde Akdost atly türkmen alabaýynyň gazanan üstünliginiň şanyna, şatlykly wakanyň nyşany hökmünde türkmen itşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize Şatlyk atly alabaý güjüjegiň gowşurylmagy bolsa, kalbymyzy

Gymmatly hazyna

Berkarar Watanymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýän döwründe döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze, ilkinji kitabyny sowgat etmegi her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterdi, täze-täze üstünliklere, döredijilikli zähmete hyjuw döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakdaky aladalary, olara bolan belent ynamy we söýgüsi täze kitabynda öz beýanyny tapýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen jümle bar. Bu çuňňur manyly jümlede ýaşlara bolan ynam, buýsanç äşgär duýulýar. Täze kitapda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilmegi eseriň täsirliligini we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Milli lybasym — çarşaw çargadym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasatymyzda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň döwrüň talabyna laýyklykda gülläp ösmegi hem-de onuň milliliginiň has baý, täze öwüşginlere eýe bolmagy üçin zerur bolan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny, ruhy we maddy gymmatlyklaryny ösdürmeklige, ony dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berilýär. Bu ugurlara degişli ylmy-barlag işleriň alnyp barylmagy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny içgin öwrenmäge uly ýardam edýär. Taryhymyzda we häzirki döwrümizde-de özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen özüne bendi edýän milli gymmatlyklarymyzyň arasynda türkmen milli lybaslarymyza aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň milli lybaslaryny öwrenmek bolsa halkyň gadymy geýinmek we bezenmek medeniýetini ylmy taýdan seljermäge mümkinçilik berýär. Gelin-gyzlarymyzyň zehininden döreýän ajaýyp milli lybaslarymyzyň gymmaty häzirki zaman durmuşymyzda barha ýokarlanyp, medeniýetimiziň kämilleşmegine belli bir derejede täsirini ýetirýär. Milli lybaslarymyz bilen aýratyn sazlaşygy bolan türkmen gelin-gyzlaryň başgaplary, başatgyçlary, ýaglyklary özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

On barmagyň hünäri (Mizemez miras)

Halkymyz milli hünärlerimiziň üsti bilen ýaş nesillerde zähmetsöýerligi, erjelligi we çydamlylygy terbiýeläpdirler. Ýaşlygyndan iş bilen bişişen perzentler kemally adamlar bolup ýetişipdirler. Gyz-gelinlerimiziň zehin goýup, ýerine ýetiren el işleri hem şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Her bir halkyň öz milli aýratynlygy bar. Milli egin-eşiklerimiz, ussatlyk bilen öýdelen ajaýyp nagyşlarymyz hiç bir halkyňka meňzemeýän owadan reňkleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz bize peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda halkymyzyň milli egin-eşiklerine we zenanlarymyzyň jadyly el sungatyna uly baha berip, şeýle belläp geçýär: «Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasaty siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar. Türkmenleriň egin-eşikleri özüniň biçüwiniň ýönekeýligi, görnüşiniň köstsüzligi we salykatly reňk öwüşgininiň aýratynlygy bilen tapawutlanýar».

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsi

Garadepe — Änew medeniýetiniň naýbaşy ýadygärligi

Türkmenistanyň çägi uzak geçmişiň dowamynda gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolmak bilen, dürli eýýamlaryň taryhy ýadygärliklerine-de baýdyr. Olaryň hatarynda umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň arheologik ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gymmatly taryhy ýadygärlikleri özünde jemlän medeniýetleriň biri hem Änew siwilizasiýasydyr. Gadymy türkmen şäheri Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu baradaky söhbetleriň giň gözýetimlerini açýar. Türkmen arheologlarynyň daşary ýurtly alymlar bilen hyzmatdaşlykda alyp baran barlaglary Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini arheologik taýdan öwrenmegiň täze sahypalaryny açdy we Änew siwilizasiýasynyň gadymy döwürde Merkezi Aziýada iň ösen medeniýetleriň biri bolandygyny subut etdi.

Magtymguly — köňülleriň täji

Toý-märekelerde, üýşmeleňlerde adamlaryň arasynda bir zat barada jedel gidende, ylymly-bilimli, hat-sowatly adamlar: «Magtymguluda şeýleräk», «Pyragy şeýle diýipdir» diýse, şol ýerde jedeller kesilýär. Sebäbi halkymyz Magtymguly Pyraga, onuň pelsepewi pikirlere baý bolan şygyrlaryna bütin kalby bilen ynanýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymgulynyň döredijiliginde halkymyzyň dünýä hakyndaky oýlanmalarynyň, pikir-düşünjeleriniň çuňlugy we özeni jemlenendir. Şahyr il-ulsuny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Halkyňa, ýurduňa bolan söýgi oňa goýýan gadyr-gymmatyňa baglydyr. Islendik meseläniň çözgüdi bolsa durmuş nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Il-günüň bähbidini öňe sürmek hakyky adamkärçiligiň beýik nusgasydyr. Bu bolsa oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydyr.

Sanasaň sogaby bar

ýa-da ýedi hazyna barada söhbet Türkmeniň her bir pursat, waka, ahwal babatda jaýdar aýtgylary bar. Olar hasam kän bolandyr, ýöne nesiller oýlap-peýläp, özlerinden soňkulara iň makullaryny geçiripdirler. Mirasgär halypa Hangylyç Tagangylyjowyň ýedi hazyna barasyndaky makalasynda aýdylyşy ýaly, hakykatdan-da, hazynalaryň sanawy hemme ýerde birmeňzeş bolmaýar. Çarwamy ýa çomrumy, ýaşaýan ýeri deňiz ýakasymy ýa çöl etegimi — tapawudy ýok, hemmeler üçin deň-derejede hazyna saýylýan zatlar bar. Oglan-uşagyň okamagy, gyz-gelniň dokamagy, ekin ekilmegi, malyň bakylmagy hemmeleriň hazyna sanawynda bar. Başga käbir zatlary türkmen ýaşan döwründe we ýaýran çygrynda güzerany aýlamaga aýratyn hemaýat berýändigi, rysgalyna tigirçek bolýandygy üçin aýratynlap, hazyna hasabyna goşupdyr.

Şan-şöh­rat­ly be­dew­ler

Mer­da­na hal­ky­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap, aýap, kä­mil­leş­di­rip, ola­ry asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­rip ge­lip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän şol aja­ýyp ýö­rel­ge Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ny «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň tä­ze at­ha­na top­lu­my­na ba­ryp, ol ýer­de iş­le­riň bar­şy, ide­dil­ýän be­hiş­di be­dew­le­riň ýag­daý­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy, Han­beg at­ly be­de­we at­la­nyp, ge­zim et­me­gi hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len su­but et­di. Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi-de ýel­den ýüw­rük ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­nyň bar­ha beý­gel­ýän­di­gi­niň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­dy. El­bet­de, şeý­le aja­ýyp dö­wür­de be­dew at­la­ry­myz­da­ky

Ala­baý – milli guwanjymyz

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly aja­ýyp ese­rin­dä­ki: «Ata-ba­ba­la­ry­myz be­de­win­de my­ra­dy­ny, mil­li seç­gi­çi­li­giň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lan ala­baý­la­ry­myz­da bol­sa, bag­ty­ny gö­rüp­dir­ler» di­ýen dür­dä­ne jüm­le­le­ri pe­der­le­ri­mi­ziň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da be­de­wi­ne, ala­ba­ýy­na go­ýan sar­pa­sy­nyň, hor­ma­ty­nyň, ola­ryň dur­muş­da­ky ga­dyr-gym­ma­ty­nyň örän ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de bu hor­mat-sar­pa has uly be­lent­lik­le­re gö­te­ril­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji ýan­war­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da şu ýy­lyň 15—17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­tyn­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost at­ly türk­men ala­ba­ýy­nyň iki ugur bo­ýun­ça, ýag­ny aras­sa gan­ly­ly­gy we owa­dan­ly­gy, şeý­le hem buý­ru­gy ber­jaý et­mek­

Habary kimden al, Görogly begden al...

Ýalňyz balam, algyn pendim,Ýurduň terk ediji bolma!Özüňden gaýry namardyňMinnetin çekiji bolma! Gyraty besle jul bile,Oturşgyn ähli il bile,Ölinçäň bedasyl bileMähriban bolujy bolma!

Ynsabyň ölçegi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Halk hakydasynyň göwheri — ata-babalarymyzyň bize miras goýan hekaýatlardyr rowaýatlary durşuna pähime ýugrulandyr. Mähriban Watanymyzyň ajaýyp döwri rowaçlyklaryň ýaran bolan döwrüdir, päk ýürekden edýän yhlasymyzyň miwesidir» diýip, milli ýörelgelerimiziň, türkmençilik däplerimiziň ähli döwürlerde hem  halkymyza we döwletimize wepaly, kämil ahlakly nesilleri terbiýelemekde ähmiýetlidigini ündeýär.   Hakykatdan-da,  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde-de, jahan içre şöhratynyň täze-täze üstünlikler bilen artmagynda-da ruhy gymmatlyklarymyzyň görnükli orny bar.

Şygyr äleminiň soltany

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şonda çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Alym Arkadagymyzyň täze goşgusyny döredendigini aýtmagy we ony seýilgäh toplumynda okap bermegi halkymyzda uly ruhlanma döretdi. Akyldar şahyrymyz berkarar döwleti arzuwlan şahsyýetdir. Gahryman Arkadagymyz bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ajaýyp döwre ýetiren we gülledip ösdüren şahsyýetdir. Döwrümiziň şahyrana kalba eýe bolan kämil şahsyýeti Gahryman Arkadagymyz medeni mirasymyza, milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýar.

Tamdyr ussasy

Mukaddeslik hakynda söz açylanda, öý-ojagyň agzybirliginiň we döwletliliginiň nyşany bolan tamdyr hakydaňa dolýar. Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginde ýaşaýan Çary Baýmyradowlaryň maşgalasy tamdyr ýasamak senedini dowam etdirýär. Çary aganyň giň howlusynda sünnälenip ýasalan tamdyrlaryň hatar-hatar goýulmagy, toý-baýramly türkmeniň ak öýlerini ýatladýar. Golaýda biz işine yhlasly ussa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol şeýle gürrüň berdi: — Tamdyr ýasamak işi yhlasy, ezberligi, irginsiz zähmeti talap edýär. Arassa gyzyl şykgyny suw bilen garyp, tamdyryň palçygyny taýynlaýarys. Içine saman, ýylgynyň pürüni garyp, aýak bilen depgiläp eýini ýetirýäris. Soňra üç gün ýaly demini berýäris. Eger palçyga goşulýan zatlar arassa bolmasa, tamdyryň içinde ot ýakylanda jaýryk atýar.

“Alajam-ak bagta ynamym meniň” atly bäsleşige

Sapaklaryň arzuwlardan işilen,Ýüpek ýoluň keşbin alan alaja!Ýagşy niýet bilen açyp işigim,Ýagtylyga ak ýol salan alaja!

Änew medeniýeti: nagyşlarda saklanan syrlar

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ençeme heňňamlar aşyp, özünde gymmatly maglumatlary jemlän, umumadamzat medeniýetine uly goşant goşan medeni ýadygärlikler biziň topragymyzda örän köp. Olaryň biri hem Günorta Türkmenistanyň oturymly-ekerançylygyna degişli Änew medeniýetidir. Änewiň meşhur taryhy depeleri Aşgabadyň gündogarynda ýerleşip, olar ekerançylyk bilen meşgullanan iň gadymy ýaşaýjylardan galan ýadygärliklerdir. Bu ýadygärlikler barada ilkinji gezek 1886-njy ýylda Zakaspi oblastynyň başlygy, general A.W.Komarow söz açýar. Ol Änewiň demirgazyk depesinde ilkinji gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. A.W.Komarowyň bu baradaky habary Sankt-Peterburgyň «Nowosti» gazetinde hem-de ýerli «Aşgabat» gazetinde çap edilipdir. Soňra bu ýadygärlikde amerikaly alym Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda gazuw-barlag işleri geçirilýär. Toparyň Änewiň demirgazyk depesinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, «Änew I» we «Änew II» medeni gatlaklaryň üsti açylýar. Olar «Änew medeniýeti» diýlip atlandyrylan oturymly-ekerançylyk medeniýetini emele getirýär. Geçirilen gazuw-barlag işleriniň has ajaýyp açyşlarynyň biri-de, Änewiň demirgazyk depesiniň medeni gatlaklaryndan däneli ekinleriň galyndylarynyň aýratyn däne, gabyk we kök görnüşinde tapylmagydyr.